2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda halkara «e-TIR» sanly ulgamynyň ulanylmagy bilen ilkinji ýük daşamalaryny amala aşyrmak boýunça utgaşdyryjy meselelere hem-de tehniki goldaw bermäge bagyşlanan bäş günlük maksatnamalaýyn çäreler başlandy.
Maksatnamanyň çäklerinde, Türkmenistanda «e-TIR» ulgamyny işe girizmediň amaly taraplaryna hem-de Azerbaýjan-Türkmenistan–Özbegistan ugry boýunça ilkinji synag daşamasyny guramaga bagyşlanan giňeldilen tehniki maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň wekilleri, şeýle hem halkara guramalaryň — IRU, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) we Söwda hem-de ösüş boýunça BMG-niň konferensiýasynyň (UNCTAD) wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda, Türkmenistan sebitde ilkinjileriň hatarynda «e-TIR» ulgamyny halkara ýük daşamalarynda üstaşyr geçirilýän awtoulag serişdeleri üçin işe girizýändigi bellenildi we bu bolsa ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti barada aýdyldy.
Çäreleriň amaly tapgyry 22-24-nji iýulynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda dowam etdiriler. Bu ýerde UNECE-niň goldaw bermeginde «e-TIR» ulgamynyň ulanylmagy bilen ilkinji ýük daşamalaryna synag geçiriler, şeýle hem IRU-nyň bilermeni Wahtang Zarandiýa tarapyndan okuw çäreleri guralar.