Habar

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Bu resminamalaryň arasynda gümrük edaralaryň iş ugry bilen bagly gol çekilen halkara ylalaşyklar möhüm ähmiýete eýedir.

Iki döwletiň gümrük gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy hukuk binýady bolup hyzmat edýän Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardamy bermek hakynda Ylalaşyk özara maglumat alyşmak, öňdebaryjy gümrük tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de edaraara özara kömegi berkitmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Koreýa Respublikasynyň Koreýa gümrük gullugynyň arasynda serhetde intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi galp harytlaryň geçirilmeginiň öňüni almak baradaky çäreleri güýçlendirmäge, eýeçilik hukuklaryny goramaga we özara haryt dolanyşygynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.