Habar

2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilen Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we nyrh müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy.

Duşuşykda gümrük gullugynyň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamak, bu ugurda tejribe alyşmak, şeýle hem okuwlary guramagyň usullaryny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem ýapon tarapy tarapyndan teklip edilen «Tälimçileri taýýarlamak» (Training of Trainers – ToT) okuw maksatnamasynyň mazmuny we ony guramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, maksatnamanyň amaly häsiýetine, okuw sapaklaryny geçirmegiň usullaryna we gatnaşyjylaryň tejribe alyşmak arkaly hünär derejesiniň kämilleşdirilmeginiň mümkinçiliklerine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we iş gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.