Habar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Geçen döwürde biziň gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürildi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasy dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýärler” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz biziň halklarymyzyň umumy taryhynyň, baý medeniýetiniň we köp babatda meňzeş däp-dessurlarynyň asyrlara uzaýan türkmen-hindi gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda berk binýat bolup hyzmat edýändigini nygtap, onuň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine oňyn täsirini ýetirýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýakynda Türkmenistana amala aşyran taryhy döwlet saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine hem-de täze derejä çykarylmagyna uly itergi berjekdigine pugta ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini toplady. Hususan-da, energetika babatda sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmekdäki bilelikdäki tagallalarymyz esasynda üstünlik gazanjakdygymyza ynanýarys.

Türkmenistan we Hindistan Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda wajyp taslamalaryň birnäçesini, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirýärler. Onuň üstünlikli tamamlanmagy gatnaşyjy ýurtlaryň diňe bir ykdysady taýdan galkynmagyna däl, eýsem, sebit derejesinde uly öňegidişlikleri gazanmaga ýardam berer.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ram Nath Kowinde we Premýer-ministr Narendra Modä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, Hindistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.