Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, bu hoş habar geçen hepdede Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasyndan gelip gowuşdy. Aşgabat şäherine degişli güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilmeginiň subutnamasy, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatda gazanan nobatdaky üstünligi boldy.
Ministrler Kabinetiniň 22-nji aprelde geçirilen mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzy bu şanly waka bilen gutlap, Türkmenistanyň we BMG-niň köp ýyllaryň dowamynda dünýäde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary hem-de taslamalary bilelikdäki tagallalar esasynda üstünlikli amala aşyrýandygyny nygtady. Ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir.
Foruma BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew hem gatnaşdy. Çykyşlarda Türkmenistanyň döwlet syýasatynda tebigata aýawly garamak, onuň baýlyklaryny gorap saklamak hem-de köpeltmek, ykdysadyýete “ýaşyl” tehnologiýalary we ýörelgeleri ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýändigi bellenildi. Ýurdumyzda her ýyl giň gerimli köpçülikleýin bag ekmek çäreleri geçirilýär. Olar Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyz tebigaty goramak boýunça toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebitde we dünýäde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine öz saldamly goşandyny goşýar. Türkmenistan bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlary öňe sürüp, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezýär. Şu ýylyň martynda Halkara Nowruz gününe — Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda 145 milliondan gowrak bag nahalynyň ekilendigini bellemek gerek. Munuň özi aýratyn howa zolaklarynyň kemala gelmegine ýardam edip, sebitde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine hem goşant goşýar.
Aşgabat özüniň paýtagt derejesinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmelere itergi berýär. Ekologiýa baş şäherimizi ösdürmegiň konsepsiýasynda esasy ugur bolup, paýtagtymyzda adamlaryň abadan durmuşy üçin zerur şertleri üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli çäreleri şertlendirýär.
Şeýle giň möçberli işleriň amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabatda ajaýyp gök we tokaý zolaklary döredildi, olaryň çägi barha giňeldilýär. Dürli görnüşli baglary, bezeg ösümlikleri, gülleri hem-de beýleki bezegleri bilen göreni haýrana goýýan ajaýyp seýilgähler ak mermerli türkmen paýtagtynyň hakyky bezegine öwrüldi. Şular ýaly işler Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ähli künjeginde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň sebitleriniň giň çäklerinde eýýäm tokaý zolaklary emele geldi. Olar Diýarymyzyň tebigy keşbini özgertmek bilen, ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralmagyna hem-de baýlaşmagyna ýardam berýär. Şeýle-de “gök guşaklar” ilatly ýerleri tomsuň jöwzasyndan, tozandan we güýçli ýellerden goraýar, topragyň gatlaklarynyň bozulmagynyň öňüni almaga täsirini ýetirýär, adamlaryň saglygy üçin oňaýly howa şertlerini döredýär.
Bitarap Türkmenistan daşary syýasatynda ekologiýa diplomatiýasyny esasy ugurlaryň biri hökmünde öňe sürmek bilen, bu ulgamda abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlykda işjeň hem-de jogapkärli orny eýeleýär.
Paýtagtymyz Aşgabadyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýokarda ady agzalan başlangyjyny durmuşa geçirmekde goşan goşandynyň resmi taýdan ykrar edilmegi Watanymyzyň Milletler Bileleşigi bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda ol täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar.