Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “Hezreti Omar” metjidinde kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky mynasybetli sadaka berdi.
Paýhasly pederlerimiziň mukaddes ýörelgelerine laýyklykda, aradan çykan adamlary ýatlap, olaryň ruhuna aýat-doga okamak, sadaka bermek halkymyzyň asylly däbidir. Ine, bu gün hem ildeşlerimiz özüniň yhlasly zähmeti bilen döwletimiziň öňünde ägirt uly hyzmatlary bitiren ynsany hatyralap, berlen sadaka gatnaşdy.
Mälikguly Berdimuhamedowyň tutuş ömrüni halkyna, mähriban Watanyna bagyşlamagy hemmeler, aýratyn-da, milli Liderimiziň ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek wezipesi ynanylan ýaş nesiller üçin nusgalykdyr.
Arkadag Prezidentimiz özüniň “Döwlet guşy” atly kitabynyň girişinde: “Eliňizdäki “Döwlet guşy” atly romanyň wakalary, ondaky gahrymanlaryň bitirýän nusgalyk işleri, olaryň ajaýyp ahlak sypatlary — çagalyk ýyllarymdan bäri Watanyňy, halkyňy, ata-eneňi ezizlemegiň, söýmegiň, maksada okgunlylygyň, ruhubelentligiň beýik nusgasy bolup, kalbymy heýjana salyp gelýän simfoniýadyr” diýip belleýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, has wajyp meseleler boýunça oňyn çözgüdi kabul etmekde oňa kakasy Mälikguly Berdimuhamedow hemişe kömek edipdir we Arkadagymyz her bir işde hoşniýetli, örän talabediji halypasy bilen maslahatlaşypdyr.
Adamyň başyna düşýän kynçylyklar onda ruhubelentligi, beýik maksatlara ýetmäge bolan yhlasy pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň mähriban kakasynyň durmuşyň agyr ýyllarynda başyndan geçiren wakalary onda beýik hyzmatlary bitirmäge bolan höwesi, yhlasy, iň esasy bolsa gahrymançylygy döredýär. Çagalygyny urşa ogurladyp, tiz ýigit çykan Mälikguly aga Watanyna we halkyna bolan kämil söýgüsi, gündelik işi, ruhubelentligi bilen kynçylyklara döz gelipdir. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiziň kakasy türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna aýratyn gadyr goýupdyr. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban pederi şol gazaply kyrkynjy ýyllarda edermenligiň, kämil ynsanyň özboluşly mekdebine öwrülipdir.
Milli Liderimiz: “Şeýle agyr şatylara merdi-merdanalyk bilen döz gelip, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, beýik gahrymançylyk görkezen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn. Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary, meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim” diýip nygtaýar.
Döwlet Baştutanymyz ir säher bilen kakasynyň ruhuna sadakanyň berilýän ýeri bolan metjide geldi.
Hormatly Prezidentimiz metjide girdi. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi Arkadag Prezidentimiziň mähriban kyblasy Mälikguly aganyň hatyrasyna aýat okady we merhumyň jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.
Ýagşy dileglerden soňra döwlet Baştutanymyz metjidiň sadakalar geçirmek üçin niýetlenen binasyna baryp, özi üçin bellenen ýere geçip oturdy. Bu ýerde asyrlar aşyp gelýän asylly däbe görä, merhumyň hormatyna tebärek çykyldy.
Tebärekden soňra döwlet Baştutanymyzyň mähriban kakasynyň kyrkyna gatnaşýanlara ýörite taýýarlanan tagamlar çekildi.
Sadaka gatnaşanlar tagamlardan dadansoňlar, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady we Watanyň wepaly Ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň ruhunyň şat bolmagyny dileg etdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi we kakasy baradaky käbir ýatlamalaryny aýdyp berdi.
Mähriban kyblamyň ömür ýoly meniň üçin durmuş mekdebi boldy. Ol her hili çykgynsyz, kyn ýagdaýda hem aljyraman, baş alyp çykmagy başarýardy diýip, milli Liderimiz söze başlady.
Kakam örän ruhubelent adamdy. Atam Berdimuhamet aga urşa gidende, kakam ýaňy on bir ýaşynda ekeni. Şonda-da, şol kynçylykly döwürde öz goşgulary bilen adamlarda ýeňşe, ertirki gowy günlere ynam döredipdir. Kakamyň «Köp ekeliň dänäni!» diýen goşgusy ýadyňyzdadyr. Bu goşgy 1944-nji ýylda şol wagtky Kirow etrabynyň “Ýagty ýol” gazetinde çap edilipdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her maşgalanyň özüne mahsus däbiniň bolýandygyny aýdyp, ene-atasynyň doglan günlerini hemme doganlary, ählisi jem bolup gutlamagyň özleriniň maşgala däbidigini nygtady. Kakamyň 80 ýaş toýundan bir pursady ýatlamak isleýärin. Şonda doganlarym: “Kakamyza nähili sowgat etsek, ýerine düşerkä?” diýip, maňa maslahat saldylar diýip, milli Liderimiz belledi.
Kakam ruhubelent, göwnaçyk adam. Onsoň, onuň göwnüni diňe söz bilen, sungat bilen göterip, galkyndyryp boljakdy. Şoňa görä-de, birimiz goşgy bilen, birimiz saz çalyp, ýene birimiz aýdym aýdyp gutlasak, has ýerine düşer diýip pikir etdim. Ählimiz şu pikiriň daşynda jemlendik. Onsoň, her kim taýýarlyk görüp başlady diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Wagtyň salymy ýok. Ine-de, kakamyň 80 ýaş toýy ýetip geldi, gutlaglar başlandy. Özümden kiçi jigime — gyzlaryň iň ulusyna enemiň ady dakylansoň, Enegül diýýäris. Aslynda, onuň çyn ady — Durdynabat. Gutlamak gezegi şol jigime ýetdi diýip, hormatly Prezidentimiz gürrüň berdi.
Ol tolgunyp: “Kaka, bagyşla, birinjiden-ä, goşgy ýazmaga ýetişmedim, onsoňam, näçe ýazsamam, göwnümdäki ýaly çeper bolanok, bärden gaýdýar” diýdi.
Şonda kakam güldi-de: “Hany, sen ýüregiňdäkini söz bilen aýt. Onsoň, ony häzir ikimiz bilelikde goşgy setirlerine geçiräýeris” diýdi. Hemmämiz hem uly gyzyklanma bilen diňläp otyrys. Kakam jigimiň sözlerini diňledi-de, ony şol ýerde goşga öwürdi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Goşgynyň hemmeleriň göwnünden turandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ony okap berdi. Goşgy şeýle setirler bilen başlanýar:
Belleýäs kakamyň doglan gününi,
Başymyz jem boldy — begenýär ýürek.
Ata-enäň gadryn bilmek barada
Agamdan görelde almagmyz gerek.
Bize mähribanlar — ata-ene gerek.
Döwlet Baştutanymyz kakasy baradaky ýagşy ýatlamalaryň hemişe ýüreginde ýaşaýandygyny aýtdy.
Perzent daragt bolsa, kökleri ata-enedir. Daragtyň saýasy-da, miwesi-de köklerine baglydyr. Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir. Çeşmäniň durulygy, arassalygy hem gözbaşyna baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň mähriban kyblasyna bagyşlap ýazan goşgy setirlerini sadaka gatnaşyjylara okap berdi:
Aýlaryň soltany — ol Remezanda
Tamam boldy durmuş ýoly atamyň.
Gözellik jem bolup beýik ynsanda,
Şan-şöhratly geçdi saly atamyň —
diýip başlanýan bu goşgy perzentlik wepanyň belent nusgasy bolup, sadaka gatnaşyjylarda örän tolgundyryjy duýgulary döretdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sadaka gatnaşanlara ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu topragyň her daban ýerini, mukaddes hem keramatly Watany gözüniň göreji, başynyň täji saýan kakasy Mälikguly agany hatyralap berlen sadakanyň, okalan aýat-töwirleriň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny, kyblasynyň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagyny dileg etdi.
Hormatly Prezidentimiz sadaka tamamlanansoň, bu ýerden ugrady.
***
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
ATAMYŇ
Mähriban kyblam
Mälikguly BERDIMUHAMEDOWYŇ
ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn.
Aýlaryň soltany — ol Remezanda
Tamam boldy durmuş ýoly atamyň.
Gözellik jem bolup beýik ynsanda,
Şan-şöhratly geçdi saly atamyň.
Päkizedi Hak-Huda dergähinde,
Ýalkym bardy gahrymanlyk ruhunda,
Orunly bolmakdy Hak uçmahynda
Isleg-arzuw hem hyýaly atamyň.
Hemmäni çagyryp edermenlige,
Halkyny başyna edindi jyga,
Ol doga beýikdi, dogady, doga,
Nusgalykdyr päk ykbaly atamyň.
Ruhubelentligi bolup ýokary,
Ýeňip geçdi ähli kynçylyklary,
Açykdy ýüregi, nurludy seri,
Bilýär ony gözel ili atamyň.
Mätäje uzatdy kömek goluny,
Mukaddeslik saýdy ene dilini,
Il içinde alkyş boldy alany,
Ýollary alkyşdan doly atamyň.
Ýagşy işler gül ömürden ýadygär,
Beýik ynsan asyr saýyn adygýar,
Ynsan mertebesin barha artdyrýar
Göreldesi hem mysaly atamyň.
Ýurdumyza rowaçlyklar ýar bolsun,
Bagy-bossan bolsun, gülgüzar bolsun,
Älem-jahan dursun, Watan bar bolsun,
Arzuwlap ýaşaýşy ýaly atamyň.