Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi.
Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesiller üçin gorap saklamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyzda ekologiýa adamlaryň abadan durmuşynyň esasy şertleriniň biri hökmünde aýratyn üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow irden paýtagtymyzyň günortasynda Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky bagy-bossanlyk döredilen ýere geldi. Bu ajaýyp, döwrebap şaýollar Köpetdagyň eteginden uzalyp, Aşgabadyň kemala gelýän işewürlik merkezi bilen ajaýyp sazlaşýar.
Milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.
Mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk senesiniň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda bag nahallarynyň millionlarça düýbüni ekmek hem-de ozalky ekilen baglara ideg etmek işleri bellenildi.
Bular barada milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň 21-nji maýda geçirilen mejlisinde aýdyp, öz zähmetimiz bilen merjen paýtagtymyzy has-da gözel, arassa görnüşe getirmäge her birimiziň goşandymyzy goşmalydygymyzy belledi. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzyň arassaçylyk, abadançylyk we ekologik derejesiniň ýokarlanmagynda, baýramçylyk mynasybetli guralýan çäreleriň netijeli, ruhubelent häsiýete eýe bolmagynda ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ählihalk ýowaryna paýtagtymyzyň hemme ýaşaýjylarynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň işjeň gatnaşmagy ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunyň artmagyny we olara zähmet terbiýesiniň berilmegini şertlendirer.
Köpçülikleýin ýowar çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekilen bag nahallaryna ideg edip başlamagy bilen badalga berildi.
Bu gün dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hatarynda öz ornuny berkidýän Aşgabat bagy-bossanly şäher hökmünde ykrar edildi. Diýarymyzyň baş şäheri we onuň töwerekleri hemişe gök öwüsýän tokaýlyklar bilen gurşaldy. Munuň özi bu künjekleriň ýokary ekologik derejesini üpjün edýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ekilen bag nahallaryna agrotehniki talaplara laýyk derejede ideg edilmegi tokaý zolaklarynyň sazlaşykly ösüşini, seýilgähleriň çäkleriniň giňelmegini üpjün edýär.
Häzirki wagtda paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde pürli hem-de saýaly agaç nahallaryndan ybarat tokaý zolaklarynyň çägi barha giňelýär. Munuň özi bu ýerlerde ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýar hem-de arassa howany üpjün edýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy ýaly wajyp wezipe üstünlikli çözülýär.
Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde mähriban Diýarymyzda Milli tokaý maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär. Muňa ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň töwereklerinde, awtoulag we demir ýollaryň ugrunda, derýalaryň, akabalaryň kenarlarynda döredilýän gök zolaklar şaýatlyk edýär.
Diýarymyzy gülläp ösýän mekana öwürmäge gönükdirilen maksatnama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Ol öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere esaslanýar. Ösüşiň ekologiýa maksatnamasy, ahyrky netijede, adamlaryň durmuş derejesini ajaýyp türkmen tebigaty, ýurdumyzyň daşky gurşawy we gülläp ösmegi bilen sazlaşyklylykda ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda adamlaryň abadan ýaşaýşynyň möhüm ugry bolan BMG tarapyndan kabul edilen “2030-njy ýyla çenli Gün tertibine” laýyklykda, ekologiýa örän uly üns berilýär.
Bular, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, çölleşmä garşy göreşmäge, tebigatyň täsin künjeklerini aýawly saklamaga, Hazar deňziniň gurşawyny hem-de biologik köpdürlüligini goramaga we beýleki köpugurly möhüm meselelere degişlidir.
Milli hem-de ählumumy derejede ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda şäherleriň, obalaryň töwereginde, awtoulag hem-de demir ýollaryň ugrunda gök zolaklary döretmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda Aşgabady bagy-bossanly şäher hökmünde tanaýarlar, çünki tomsuň jokrama yssysynda hem gül-pürçük bolup oturan ýaşyl baglar, daş-töwerege salkyn paýlaýan suw çüwdürimleri göreniň gözüni dokundyrýar.
Goýy saýaly ajaýyp baglar, älemgoşar ýaly dürli reňkli güller paýtagtymyzyň aýrylmaz keşbine öwrüldi.
Şu günki ählihalk ýowary giň gerimli çäre bolup, ol ene topraga söýginiň alamaty hökmünde tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyryldy. Asylly çäräniň dowamynda ozal oturdylan agaç nahallaryna ideg etmek boýunça çäreler görüldi, arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleri geçirildi.
Çärä gatnaşyjylaryň arasynda köp sanly ýaşlaryň bolmagy ösüp barýan ýaş nesilleriň okuwlaryny zähmet bilen utgaşdyrmagy, ene topraga, gözel Diýarymyzyň tebigatyna söýginiň kemala getirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigini aňladýar. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň döreden asylly ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki ýowara gatnaşýan, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar, şol sanda bu ýerde bilim-terbiýe alýan uçurymlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň hal-ýagdaýy, okuwlary bilen gyzyklandy. Uçurymlardan haýsy käriň eýeleri bolaslary gelýändigini, näme arzuw-islegleriniň bardygyny sorady.
Gyzykly söhbetdeşligiň barşynda çagalar döwlet Baştutanymyza özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.
Olaryň her biri milli Liderimize öz ýürek arzuwlary barada aýdyp, kimsi mugallym, kitaphanaçy, kimsi lukman, telekeçi bolaslarynyň gelýändigini gürrüň berdiler. Çagalaryň agramly bölegi kompýuter işleri boýunça hünärmen bolmagy arzuw edýändiklerini aýtdylar. Häzir bu hünäre bolan isleg barha artýar. Okuwçylaryň biri geljekde ökde ykdysatçy bolmak isleýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňdeşligi dowam etdirip, “Bir okana bar, bir dokana” diýen parasatly atalar sözüni mysal getirdi. Milli Liderimiz çagalara bu jümläniň manysyny düşündirmek bilen, okap bilim almagyň, şonuň bilen birlikde-de, hünär öwrenmegiň ynsan durmuşynyň mazmunyny açyp görkezýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz zähmetiň, esasan-da, hünäre bolan höwesiň ýokary derejede bolmalydygyna ünsi çekip, bu ýerde terbiýelenýän gyzjagazlaryň hem asyrlar aşyp gelýän zenan hünärlerini dowam etdirmelidiklerini, şeýlelik bilen, zehin siňdirip, milli buýsanjymyza öwrülýän gymmatlyklary döretmelidiklerini aýdyp, olara öwüt-ündewlerini berdi.
Gyzlar hem öz gezeginde gadymdan gelýän el hünärini dowam etdirmäge bolan höwesleri barada gürrüň berdiler. Olar ýakynda paýtagtymyzdaky muzeýde bolup, Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis önümleriň beýik işlere ruhlandyrýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar.
Milli Liderimiz ýaşlar bilen gürrüňini dowam edip, olara öwüt-ündew bermek bilen, durmuşda hemişe sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň örän möhümdigini aýtdy. Bu ugurda döwletimiz tarapyndan döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň durmuşlary, okuwlary we olaryň hünär eýeleri bolmaklary bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklajakdygyna ünsi çekdi.
“Size durmuş garaşýar. Öz ykbalyňy beýik we tutumly işler bilen berk baglanyşdyrmak — Garaşsyz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek, il-günümiziň bagtyýar durmuşy ugrunda okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek uly bagtdyr, abraý-mertebedir” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz ýaşlara atalyk nesihatlaryny bermek bilen, döwletimiziň olara her bir asylly başlangyçlarynda hem-de ýüreklerinde beslän arzuwlaryna ýetmekde hemişe goldaw berjekdigini we alada etjekdigini belledi.
Döwletliler köşgüniň okuwçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özleri barada edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde hemmetaraplaýyn ösen, ýokary bilimli, beden we ruhy taýdan kämil nesil bolup, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Döwlet Baştutanymyz şu günki çärä gatnaşyjylara — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de ýurdumyzyň bilim ministrine ýüzlenip, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýe almagy, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy hem-de häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykaryp bilmekleri bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Bu ugurda edilýän tagallalar ýaşlaryň durmuş we zähmet ýolunda uly üstünlikleri gazanmaga, Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra şu günki ekologik çärä gatnaşan ýaşlaryň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Döwlet Baştutanymyz ýaşlara uly üstünlikleri arzuw edip, wakanyň bolýan ýerinden ugrady.
Soňra hormatly Prezidentimiziň adyndan Döwletliler köşgüniň okuwçylaryna ajaýyp sowgatlar gowşuryldy. Olar milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzy has-da ösdürmegiň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Ählihalk ýowary bu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.