Şu gün Daşoguzda Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy ol goňşy ýurtlaryň gatnaşyklarynda täze sahypany açmaga ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýul aýynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň barşynda öňe süren başlangyjy boýunça geçirilýän bu döredijilik çäresi deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda milli bähbitler hem-de umumy abadançylyk maksatlary hasaba alnyp guralýan türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
Soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan hem-de mazmun babatynda baýlaşdyrylan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmeginiň möhüm şertleriniň biri hem gadymyýetden bäri türkmen we özbek halklarynyň birleşdirýän taryhy taýdan emele gelen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlykdyr.
Netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde ylym-bilim ulgamyny görkezmek bolar. Bu ugurda oňyn tejribei toplanyldy, medeniýet ulgamynda gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar, döredijilik hyzmatdaşlygy giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, halklarymyzyň dostlugynyň aýdyň mysaly hökmünde türkmen paýtagtynda “Daşkent” seýilgähiniň açylandygyny ýatladýarys. Mälim bolşy ýaly, bu toplum iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda şu ýylyň 21-nji oktýabrynda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi saparynyň barşynda açyldy.
Daşkent şäherinde hem “Aşgabat” seýilgähi bar. Iki ýurduň paýtagtlarynda Gündogaryň beýik akyldar şahyrlary Magtymguly Pyragynyň we Alyşir Nowaýynyň ýadygärlikleri oturdyldy. Doganlaşan Aşgabat we Daşkent şäherleriniň arasynda ynsanperwer gatnaşyklar giňeldilýär.
Şu gezekki forumyň geçirilýän ýeri Daşoguzda hem özbek goňşular bilen döredijilik hyzmatdaşlygynyň baý tejribesi toplanyldy. Bu şäherde goňşy ýurduň döredijilik wekiliýetleri ençeme gezek saparda boldular.