Habar

2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary Gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Ylalaşygy baglaşdylar.

Resminama Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjikistan Republikasyna döwlet saparynyň çäginde Türkmen-täjik gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekildi.

Ylalaşyk, Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky söwda üçin amatly şertleri döretmek, gümrük işiniň dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň, olaryň getirilen ýerine, barmaly gümrük edarasyna  deklarirlenmegini çaltlaşdyrmak üçin niýetlenýär.