Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlarymyzyň öň ýanynda günäsini geçýäris, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 1180 raýatymyzyň berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekýändigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmek tabşyryldy. Welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimlerine, beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň deputatlar düzüminiň adyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda milli parlamentiň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine hem-de dürli ulgamlaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen täze kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Mejlisiň nobatdaky maslahatyna we Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.

Halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde deputatlar BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we Ösüş maksatnamasy tarapyndan guralan çärelere gatnaşdylar. Olar Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda amala aşyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanunlary işläp taýýarlamagyň hem-de hereket edýänlerini döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň ykdysady toplumyň we bank edaralarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alnyp, gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda bazar gatnaşyklary işjeň ösdürilýär, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy berkidilýär, kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin oňyn şertler döredilýär. Şunuň bilen birlikde, maliýe, salgyt-býujet ulgamynyň işine täze usullar we sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi milli maksatnamalaryň, hususan-da, Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň uzak möhletli bähbitlerini nazara almak bilen, örän wajyp ykdysady çözgütleriň kabul edilýändigini belledi. Şol wezipeleri üstünlikli çözmek üçin maliýe-ykdysady toplumyň işinde döwrebap çemeleşmeleri işjeň ulanmak, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Mundan başga-da, häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň möçberini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek babatda zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudagy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, onuň kärhanalarynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň depgininiň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý ekijileri netijeli işletmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Pagta hasyly üçin hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Tabşyrylan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda we pagta kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek işleri bökdençsiz alnyp barylýar.

Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök önümleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, şu günler welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri geçirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişiniň we pagta ýygymy möwsüminiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli, bellenen möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda binalary abatlamak, seýilgähleridir seýilbaglary abadanlaşdyrmak, bezeg güllerini ekmek boýunça geçirilýän işler barada aýtdy. Paýtagtymyzyň köçelerinde we ýaşaýyş jaý toplumlarynda arassaçylygyň berjaý edilmegine berk gözegçilik edilýär.

Şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzyň şaýollary, köçeleri, binalary baýramçylyk şekilleri, ýazgylary we dürli görnüşli bezegler bilen bezelýär. Ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guralýan dabaralara, medeni-köpçülikleýin çärelere, duşuşyklara, sergilere, ylmy-amaly maslahatlara taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Baýramçylyk konsertleri, dürli maksatly täze binalarydyr desgalary, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryny dabaraly ýagdaýda açmak meýilleşdirildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan taryhy waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýär. Ählihalk forumynyň guramaçylykly geçirilmegi üçin degişli gulluklaryň wekillerinden düzülen ýörite topar döredildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny baýram etmäge hem-de bu baýramçylygyň öňüsyrasynda Halk Maslahatynyň mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz golaýlaşyp gelýän dabaralaryň şatlykly we ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmelidigini belläp, wise-premýere degişli düzümleriň meýilleşdirilen ähli çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine görýän taýýarlyk işlerine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söwda ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, daşary söwdanyň möçberini artdyrmak we giňeltmek boýunça görülýän maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, gazna bazarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» we döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň düzümini kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz birža hyzmatlarynyň sanly ulgam arkaly amala aşyrylmagynyň hasabyna maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy bilen zähmet öndürijiligini artdyrmaga, ylalaşyklary bellige almak işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy we wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şanly senäniň hormatyna döwlet sylaglaryna mynasyp bolan medeniýet ulgamynyň işgärlerini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler.

Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyna laýyklykda, Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak, ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralary geçiriler, Aşgabatda Döwlet münberiniň öňündäki baýramçylyk meýdançasynda dabaraly ýöriş bolar, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada baýramçylyk konserti we feýerwerki meýilleşdirilýär. Şular bilen bir hatarda, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler, bagşy-sazandalaryň çykyşlary, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, sungat ussatlarynyň çykyşlary guralar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň ählisinde Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlygyny we döwlet berkararlygyny wasp edýän eserler yzygiderli çap edilýär, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenilýär. Şeýle hem dokumental filmler, wideoşekiller, dürli mazmunly gepleşikler taýýarlanyp, ýaýlyma berilýär, olary daşary ýurt teleýaýlymlarynda görkezmek boýunça giň gerimli işler dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyzlyk ýyllarynda örän uly işleriň amala aşyrylandygyny, ähli ulgamlarda uly ösüşleriň gazanylandygyny belledi. Döwlet Garaşsyzlygy bize milli maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy gaýtadan dikeltmäge, biziň gadymdan gelýän parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik däplerimizi tutuş dünýäde ilerletmäge mümkinçilik berdi. Milli däpleri ösdürmekde, taryhy-medeni mirasy aýawly saklamakda we wagyz etmekde, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmakda medeniýet işgärleriniň alyp barýan işlerine möhüm orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň mynasyp garşylanmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň hem-de Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda guralmagy meýilleşdirilýän utgaşykly görnüşdäki foruma ýurdumyzyň hünärmenleri bilen birlikde, daşary ýurtlaryň birnäçesinden alymlaryň, professorlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu maslahatyň halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, Abu Aly ibn Sinanyň köptaraply mirasyny, bitiren hyzmatlaryny açyp görkezmek babatda ähmiýeti örän uly bolar. Foruma gatnaşyjylar «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçiriljek çärelere gatnaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Gündogaryň meşhur akyldarynyň ylmy mirasynyň gymmatlylygyna, şeýle hem häzirki zaman lukmançylygynda giňden ulanylýan maslahatlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýola goýlan netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin şeýle çäreleriň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, wise-premýere bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmagy, şeýle hem köptaraplaýyn hödürnamalaryň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy 17 — 20-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň üstünlikli we netijeli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň belent münberinden çykyş edip, ýurdumyzyň möhüm sebit we ählumumy meselelere degişli, şol sanda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýet, ulag, energetika, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda ileri tutulýan garaýyşlaryny beýan etdi hem-de olary çözmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürdi.

Şunuň bilen birlikde, saparyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirendigi, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de döwlet Baştutanlary bilen duşuşandygy bellenildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 10 — 25-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisiniň geçirilýändigi bellenildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda hödürlenen «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgütler biragyzdan kabul edildi.

Şunuň bilen birlikde, «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi aýdyldy. Munuň özi ýurdumyzyň tebigy baýlyklary we täsin ekoulgamyny aýawly saklamakda amala aşyrýan işleriniň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilmeginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlap hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň döwlet Baştutanymyzyň giň gerimli, uzak möhletli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlaryny ilerletmekde we durmuşa geçirmekde ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu baýramçylyk günlerinde Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan şatlykly habara ünsi çekdi. Bu guramanyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä mirasy komitetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi», şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüt biragyzdan kabul edildi. Ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlarynyň hem ýokarda agzalan sanawa girizilendigi bellärliklidir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda toýlaryň toýlara, baýramlaryň baýramlara ulaşýandygyny belläp, mejlise gatnaşyjylary we Türkmenistanyň ähli halkyny bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek we ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ynsanperwer ugur ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyz we halkara kadalar esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek üçin uly işler geçirilýär. Şunda BMG hem-de beýleki halkara guramalar bilen bilelikde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan degişli çäreleriň geçirilýändigi nygtaldy.

Şeýlelikde, ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 29 müň 697 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Häzirki wagta çenli 4 müň 753 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Bu ynsanperwer häsiýetli çözgütler dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde Türkmenistanyň köptaraplaýyn halkara resminamalary, hususan-da, BMG-niň Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda we Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryny doly we üstünlikli berjaý edýändigini aýdyňlyk bilen görkezýär.

Bellenilişi ýaly, Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1 müň 301 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Raýatlygy almak üçin hödürlenýän adamlar 32 milletiň wekilleri bolup durýar. Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryna ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 265 adamyň ýurdumyzda ýaşamagy üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar dünýäniň 13 döwletiniň raýatlary we 25 milletiň wekilleri bolup durýarlar.

Şundan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýokarda görkezilen raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, şeýle hem ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly degişli resminamalara gol çekilmegi baradaky mesele hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda 1 müň 301 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana hem-de 265 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada, hususan-da, «Türkmendemirýollary» agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu pudagyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek hem-de kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda degişli işleriň geçirilýändigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyndan has doly peýdalanmakda, logistika ulgamyny kämilleşdirmekde demir ýol ulaglaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi hem-de bu ulgamdaky hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, multimodal logistika we üstaşyr gatnawlar üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi boýunça taýýarlyk işleri, hususan-da, paýtagtymyzyň gelim-gidimli ýerlerinde, şaýollarynda we köçelerinde, binalarynda bezegleriň dürli görnüşlerini ýerleşdirmek, ýaşaýyş toplumlaryň çäklerinde we beýleki ýerlerde arassaçylyk işlerini geçirmek, möwsümleýin gülleri ekmek, ýol-ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan degişli işler barada hasabat berdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine welaýatdan il sylagly ýaşulularyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we edara-kärhanalaryň wekilleriniň guramaçylykly gatnaşmaklary, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda medeni-köpçülikleýin çäreleri, aýdym-sazly dabaralary ýokary derejede geçirmek üçin alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow 24-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine welaýatyň il sylagly ýaşulularynyň, jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmek, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek boýunça meýilnama esasynda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 24-nji sentýabrynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine welaýatdan wekilleriň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, ýurdumyzda giňden bellenilýän ählihalk baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary ruhubelentlikde geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew möhüm ähmiýetli, syýasy-jemgyýetçilik çäresine — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine welaýatdan wekilleriň guramaçylykly gatnaşmagyny üpjün etmek, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerini ýokary ruhubelentlikde geçirmek boýunça welaýatda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine welaýatdan il sylagly ýaşulularyň, edara-kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmegi boýunça ýerine ýetirilýän degişli taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän giňişleýin mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy doglan güni, şeýle hem döwlet Baştutanymyzy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösmeginiň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip we olara ýüzlenip, şu günler Bitarap ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny giňden toýlaýandygyny belledi.

Berkarar döwletimizde raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly işler alnyp barylýar. Ine, şu günlerem, uly baýramymyzyň öň ýanynda şähergurluşyk maksatnamamyz bilen bagly birnäçe çäreleri geçirýäris. Bagtyýar raýatlarymyz üçin täze ýaşaýyş jaýlaryny açyp ulanmaga berýäris, täze binalaryň düýbüni tutýarys. Munuň özi Garaşsyz döwletimiziň adam hakynda edýän hakyky aladasynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, baýramçylyk günlerinde örän köp çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy bilen baglylykda, döwlet serhedinden başlap, ýurdumyzyň içinde tertip-düzgüniň berk berjaý edilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we ähli edara-kärhanalaryň, häkimlikleriň ýolbaşçylaryna gije-gündiziň dowamynda nobatçylygy guramak tabşyryldy.

Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garaldy hem-de pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisini ýetip gelýän baýram — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.