Habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 6-njy aprelinde çykaran 2212-nji karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hakynda» Düzgünnama laýyklykda, Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda şu ýylyň 5-nji fewralyndan 5-nji apreli aralygynda Gullugyň düzümindäki ýaş harby gullukçylara ýöriteleşdirilen okuw sapaklary geçirildi.

Kesgitlenilen wagtyň dowamynda ýaş harby gullukçylara gümrük işi we harby tälim boýunça okuw sapaklary halypa gümrük işgärleri tarapyndan ýokary derejede geçirildi. Hünär synagyndan üstünlikli geçen harby gullukçylara Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda ilkinji harby atlary hem-de degişli Güwänama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabarada ýaş harby gullukçylar wepadarlyk kasamyny belent joşgun bilen ýerine ýetirip, ata Watanymyza, ene topragymyza, Hormatly Belent Serkerdebaşymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza ak ýürekden gulluk edip, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine tüýs ýürekden ynandyrdylar.