Habar

 Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda döredilen «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýurdumyzyň daşary ykdysady işine gatnaşyjy taraplarynyň hem-de gümrük dellallarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Pudagara iş toparynyň mejlisinde, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada deslapky maglumaty bermek we ulanmak boýunça gümrük maglumat ulgamynda döredilen täze mümkinçilikler barada tanyşdyryldy.

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet web-portalyň üsti bilen harytlaryň we ulag serişdeleriniň eksporty, importy we üstaşyr amallaryny sanly ulgam arkaly resmileşdirmäge mümkinçilik bar. Bu bolsa harytlaryň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçirilmegini tizleşdirmäge, gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, kagyz resminamalaryny azaltmaga, raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini kämilleşdirmäge, wagty tygşytlamaga hem-de gümrük işinde sanly mümkinçilikleriň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik döredýär.