Habar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, uçar we yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi hem-de gidrawlik ýagyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplük hem-de nah ýüplügiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 64 million dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 4 million 185 müň manada deň bolan float list aýnany satyn aldylar.