Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bu möhüm wakasy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde wajyp ähmiýete eýe bolan ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüş taryhynda nobatdaky sahypany açdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýadyny düýpgöter döwrebaplaşdyrmak we berkitmek, diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga, ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýän ygtybarly energetika ulgamyny döretmäge gönükdirilen işler alnyp barylýar. Watanymyzyň ähli künjeklerinde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary, paýlaýjy elektrik beketleri bina edilýär we işe girizilýär. Paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary täzelenýär.

Ýurdumyzyň elektrik ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegini we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, elektrik energiýasynyň gerek ugra gaýtadan paýlanmagyny üpjün etmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyz bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň başyny başlady. Energiýa halkasy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň energiýa ulgamlarynyň arasynda özara baglanyşyk arkaly ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün etmelidir. Şonuň netijesinde, energetika pudagynyň işgärleri energiýa bloklaryny, elektrik beketlerini, elektrik geçiriji ulgamlary sarp edijilere päsgel bermezden bejerip hem-de döwrebaplaşdyryp bilerler. Energiýa kuwwatynyň ätiýaçlygynyň artmagy içerki sarp edijileri elektrik stansiýalarynda öndürilýän elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün etmäge, artykmaç bölegini daşary ýurtlara, ilkinji nobatda, goňşy döwletlere ibermäge mümkinçilik berer.

Milli we halkara ähmiýetli bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyry 2021-nji ýylyň oktýabrynda üstünlikli işe girizilen Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurluşygydyr. Mary — Ahal ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurluşygy hem gysga wagtda tamamlanyp, 2023-nji ýylyň noýabrynda ulanmaga berildi. Şu gün bolsa ýurdumyzyň energetika halkasynyň üçünji bölegi Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze elektrik geçirijisi işe girizilýär.

...Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Daşoguz Halkara howa menziline gondy. Döwlet Baştutanymyz awtoulagda dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Hemmeler uly ruhubelentlik bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mübärekleýärler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly kompozisiýasy baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz dabara üçin ýörite taýýarlanan zala barýar. Hormatly Prezidentimiz täze elektroenergetika desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, şu gün Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek maksady bilen, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we elektrik beketleriniň açylyp ulanmaga berilýändigini belledi. Şeýle hem şu gün Daşoguz şäherinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler. Welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze 200 sany ýolagçy awtobusyny hem sowgat hökmünde gowşurarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we hemmeleri bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurtlaryň sarp edijilerine ibermek, täze energiýa kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi milli energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi. Hormatly Arkadagymyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmek babatda başyny başlan tutumly işleri häzirki döwürde giň gerimde dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda energetika pudagyny ösdürmek boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek, utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna görä pugtalandyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň işe girizilmegi hem elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz işledilmegine uly mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini öndürmäge-de uly üns berilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu bolsa sebitde gurulýan täze, döwrebap obalary ekologik taýdan arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi we Garaşsyz Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini döretmek boýunça işleriň geljekde-de giň gerimde dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynda ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn ulgamy döretmek wezipesiniň öňde goýlandygyna we bu ugurda netijeli işleriň alnyp barlandygyna ünsi çekdi.

Türkmen energiýa gurluşykçylarynyň ýadawsyz zähmeti netijesinde, bu taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan bölegi 2021-nji ýylda amala aşyryldy. Taslamanyň ikinji tapgyry, ýagny Mary — Ahal bölegi 2023-nji ýylda işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu taslamanyň üçünji tapgyry bolan Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygy hem tamamlanyp, ulanmaga berilýär. Bu tapgyrda her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri hem guruldy. Ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň energetika pudagynyň taryhynda uly wakadyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn nygtady.

Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, Diýarymyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi. Bu bolsa içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we zähmetsöýer türkmen energiýa gurluşykçylaryna bu möhüm taslamany üstünlikli amala aşyrandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu ugurda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary we durmuş maksatly desgalar açylyp ulanmaga berilýär. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda raýatlarymyzyň oňaýly ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilen. Geljekde-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler üstünlikli dowam etdiriler.

Döwlet Baştutanymyz Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň işe girizilmegi, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamynyň halkalaýyn birleşdirilmegi, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra uly monitorda elektrik energiýasyny öwürmek we paýlamak üçin hyzmat edýän elektrik beketleri, şeýle hem Daşoguz we Balkan welaýatlaryny özara birikdirjek täze howa elektrik geçirijisi bilen tanyşdyrýan ýörite wideofilm görkezildi.

Jemi uzynlygy 572 kilometr bolan Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly tejribe toplan türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Garagumuň üstünden geçýän bu ugur alnyp barylýan işleriň hiline aýratyn talaplary bildirdi. Döwletimiziň goldaw bermegi, pudagyň işgärleriniň işleriniň dogry guralmagy netijesinde, gurluşyk-gurnama amallary gysga möhletlerde durmuşa geçirildi. Her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri, olary birikdirýän ýokary woltly asma elektrik geçirijisi ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamynyň ahyrky tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny alamatlandyrdy.

Wideofilm tamamlanandan soňra, daşary ýurtly myhmanlara söz berildi. Olar Türkmenistanyň energetika ministrine enjamlaryň we bitewi halkalaýyn energoulgamyň gurluşygynda alnyp barlan işleriň ýokary hilini tassyklaýan halkara güwänamalaryny gowşurdylar.

Ilki bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Fraunhofer adyndaky Energetika ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy institutynyň baş geňeşçisi, doktor Harald Apel çykyş etdi.

Myhman şu günki şanly waka gatnaşmaga çakylyk üçin çuňňur hoşallygyny bildirip, Garagum sährasynyň kyn şertlerinde türkmen energogurluşykçylarynyň şeýle ýokary woltly asma elektrik geçirijisini we beketlerini gurup, ulanyşa taýýar etmekleriniň bu pudagyň işgärleriniň jogapkärli işleriň hötdesinden gelip bilýändiklerine, olaryň baý tejribesiniň bardygyna şaýatlyk edýändigini belledi. Harald Apel halkalaýyn energoulgamy gurmakda ulanylan enjamlaryň ýokary hilini tassyklaýan güwänamany gowşuryp, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde alyp barýan işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.

Soňra GFR-iň «Duisburg-Essen» döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Bernd Reinhold Rosine çykyş etmek üçin söz berildi.

Ol şu günki dabara gatnaşmak mümkinçiliginiň döredilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, şeýle iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine haýran galýandygyny aýtdy we halkalaýyn energoulgamyň inženerçilik işleriniň durnuklylygyny, ýokary netijeliligini tassyklaýan güwänamany buýsanç bilen gowşurdy.

Soňra söz nobaty GFR-iň «DEKRA» institutynyň sebitleýin direktory hanym Ýulia Otta berildi.

Myhman Türkmenistana gelip görmek we şu günki dabara gatnaşmak baradaky çakylyga çuňňur hoşallygyny bildirdi we Garaşsyz Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamyň döredilendigi baradaky ýakymly habaryň Germaniýanyň bu ylmy-barlag institutynda uly gyzyklanma döredendigini aýtdy. «DEKRA» Energetika hartiýasynyň agzasy bolmak bilen, dünýäde gurulýan energetika desgalarynda ulanylýan tehnologiýalaryň hiline aýratyn üns berýär. Ýulia Otto halkalaýyn energoulgamda gurlan beketleriň ýokary tehnologiýalylygyny we howpsuzlygyny tassyklaýan güwänamany gowşuryp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdi.

Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz mejlisler zalyndan çykyp, bu möhüm waka mynasybetli demirgazyk sebitiň ýaşaýjylaryna sowgat berlen täze awtobuslaryň açarlaryny Daşoguz welaýatynyň häkimine gowşurdy.

Häkim sowgat berlen döwrebap awtobuslar üçin welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň, mähriban Watanymyzyň bähbidine alyp barýan ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze asma elektrik geçirijisiniň we beketleriň işine badalga beriljek nokada tarap ugraýar.

Döwlet Baştutanymyz ýolugruna «Daşoguz» elektrik bekedinde gurnalan döwrebap enjamlary synlady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.

Bu ýerde ýaş hünärmen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mübärekläp, ýurdumyzda döredilen bitewi halkalaýyn energoulgamyň işi barada gürrüň berdi. Elektroenergetika pudagyny ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi we pudagyň işgärleri baradaky aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Liderine ýurdumyzyň energetikleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Şol bir wagtyň özünde, baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Balkan welaýatyndan ýaş hünärmen sanly ulgam arkaly döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, Balkan — Daşoguz täze elektrik geçirijisini we bu ugurda gurlan elektrik beketlerini işe girizmäge ak pata bermegini haýyş edýär.

Ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurlup ulanmaga berlendigi we bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin pudagyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistana Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrjak bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmäge mümkinçilik berdi.

Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düwmä basyp, täze elektrik geçirijisiniň we elektrik beketleriniň ikisiniň işine badalga berýär. Ekranda olaryň Türkmenistanyň bitewi energoulgamyna birikdirilýändigi görkezilýär.

Şeýlelikde, elektroenergetika pudagynyň täze, möhüm desgalarynyň — Balkan — Daşoguz ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan iki sany elektrik bekediniň işe girizilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň hem-de mümkinçilikleriniň nyşanyna öwrülen bitewi energetika halkasyny döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň üstünlikli tamamlanandygyny alamatlandyrdy.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.