Habar

2024-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmen-eýran serhediniň eýran bölegindäki «Lotfabad»  gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga, iki döwletiň gümrük, serhet we migrasiýa gulluklarynyň, Ilçihanalarynyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri gatnaşdy.

Ir bilen wekiliýetleriň serhet derwezesinde duşuşmagyndan soň «Lotfabad» gümrük nokadynyň edara binasynyň öňünde, dikuçar heläkçiliginiň netijesinde aradan çykan Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisini we Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany hatyralamak çäresi geçirildi. Bu ýerde, wepat bolanlara ýadygärligiň açylyşy bolup geçdi.

Hatyralamak çäresinden soň, türkmen wekiliýeti «Lotfabad»  gözegçilik-geçiriş nokadynyň infrastrukturasy, ýük daşaýan uly ulag serişdelerini barlamak üçin ornaşdyrylan rentgen gözegçilik-barlag enjamynyň işi, gümrük nokadynda ulanylýan sanly ulgam bilen tanyş edildi hem-de ol ýerde ýük awtoulaglar üçin niýetlenen duralga meýdançasyna we demirýol menziline barylyp görüldi. 

Soňra, «Lotfabad» gümrük nokadynyň mejlisler zalynda iki ýurduň serhet wekiliýetleriniň ikinji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda, «Artyk-Lotfabad» gümrük nokatlarynyň işini gyş möwsüminde iki sagat uzaltmak meselesi, özara maglumat alyşmak mehanizminiň işlenip taýýarlanmagy, ýük daşaýan iki ýurduň sürüjileri üçin wiza resmileşdirmek meselesi, bu gümrük nokadynyň üstünden geçýän demir ýoluň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapyndan halkara multimodal ýük daşamalary ýola goýlanda, demir ýol ulag serişdelerinde ýük daşamalaryň tertibi we bahalary boýunça teklipler berildi hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili  şu ýylyň 1-nji iýunyndan Türkmenistanyň çägine getirilýän harytlar babatda elektron görnüşde deslapky maglumaty bermegiň ýola goýulandygy barada eýran tarapyna habar berdi.