Habar

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň başlangyçlary esasynda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň utgaşdyrmagynda ýurdumyzda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamy işe girizildi. Bu ulgamyň daşary ykdysady işine gatnaşyjylara elýeterli bolmagy üçin «Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portalynyň döredilendigini ýatladýarys (www.tradebridge.gov.tm).

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işe girizilmegi bilen, rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga ygtyýarly edaralaryna, ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar ýa-da ulag serişdeleri babatynda maglumatlary bir gezekde berip bolýar.

Ulgamda 16 sany ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 22 sany düzüm birlikleri işleýär. Olar harytlaryň we ulag serişdeleriniň ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçirilmegi babatynda, daşary ykdysady işine gatnaşyjylara ygtyýarnamalary, güwänamalary we beýleki rugsat beriş resminamalary sanly ulgamynyň üsti bilen, elektron görnüşde resmileşdirme işlerini amala aşyrýarlar.

Häzirki wagtda, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynda 5000 sany daşary ykdysady işine gatnaşyjylary hereket edýär hem-de rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga ygtyýarly edaralary tarapyndan elektron görnüşde berlen we resmileşdirilen arzalaryň sany 20 000-den geçdi.

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işi, BMG-niň, Bütindünýä Gümrük we Bütindünýä Söwda guramalarynyň maslahatlaryndan we tekliplerinden ugur alnyp ýola goýuldy.