2024-nji ýylyň 30-njy iýulyndan 1-nji awgusty aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon ata şäherinde bilimi ýokarlandyrmak we bilermenleri taýýarlamak boýunça Sebitleýin okuw çäresi geçirildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň we Bütindünýä gümrük guramasynyň «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň üsti bilen amala aşyrylýan «Serhetde ýolagçylary we ýükleri profilirlemek boýunça toparlar» başlangyjynyň çäginde guraldy. Okuw Bütindünýä gümrük guramasynyň halkara bilermenleri tarapyndan geçirildi.
Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük we beýleki ygtyýarly edaralarynyň işgärleri üçin niýetlenen okuwa Türkmenistan tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň müdiri, Aşgabat şäher gümrükhanasynyň «Aşgabat howa menzili» we Balkan welaýat gümrükhanasynyň «Parom geçelgesi» gümrük nokatlarynyň wekilleri gatnaşdy.
Çäräniň maksady, ýokary töwekgelçilikli ýük daşamalaryny ýüze çykarmak we ýok etmek Port Gözegçilik Toparlarynyň agzalarynyň hünärini ýokarlandyrmak we olary bilermen hökmünde sebit okuw çäreleriň işine çekmek bolup durýar.
Okuw çäresiniň indiki tapgyrynda, ýagny 2024-nji ýylyň awgust-dekabr aýlarynda dalaşgärleri saýlap almak meýilleşdirilýär. Soňra, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde akkreditasiýa synaglary geçiriler. Synaglardan üstünlikli geçen dalaşgärler Bütindünýä gümrük guramasynyň akkreditirlenen bilermeni hukugyna eýe bolar.