Habar

2024-nji ýylyň awgust aýynyň 27-29-y aralygynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça hünärmenleriň iş duşuşygy geçirildi. Çäre, Türkmenabat şäherinde Lebap welaýat gümrükhanasynyň edara binasynda bolup geçdi.

Iş duşuşygynyň dowamynda, taraplar harytlaryň daşary söwdasynda gümrük statistiki maglumatlaryň emele gelişiniň usulyýetini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de 2023-nji ýylyň jemi boýunça «Türkmenistanyň importy-Özbegistanyň eksporty» we «Özbegistanyň importy – Türkmenistanyň eksporty» ugurlar boýunça daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlaryna deňeşdirmeleri geçirdiler.

Duşuşyk, 2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamany ýerine ýetirmek maksady bilen guraldy.