Habar

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýaponiýanyň tejribesini öwrenmek maksady bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly okuw maslahaty geçirildi. Okuw Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we salgyt edarasynyň  hünärmenleri tarapyndan geçirildi.

YYO maksatnamasynyň netijeli ýerine ýetirilmegini maksat edinip, Döwlet gümrük gullugynyň sekiz sany harby gullukçysy Tokiýoly gümrükçileriň çykyşlaryny diňläp, Ýaponiýada YYO-ny ornaşdyrmagyň ähli degişli soraglaryny jikme-jik öwrendiler.

Okuw maslahaty, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we salgyt edarasynyň arasynda YYO çygrynda geljekki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döretdi, hususan-da, özara ykrar etmek ylalaşygy baglaşmak meselesiniň üstünde durulyp geçildi.

Mundan başga-da, Ýaponiýaly kärdeşler gümrük işiniň beýleki ugurlarynda tejribe alyşmaga taýýardygyny mälim etdiler we şunuň bilen baglylykda, taraplar geljekki okuw maslahatlaryny guramak üçin degişli ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.