
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Eýrany köp ýyllaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belläp, özara bähbitli türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Eýranyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.