Habarlar
RSS

04.05.2022

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

03.05.2022

Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

02.05.2022

Halkymyzyň ýaşaýşy we dynç alşy üçin iň gowy şertleri döretmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Şu gün Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramynyň giňden bellenilýän gününde agtyklary bilen “Aşgabat” söwda we dynç alyş, işewürlik merkezine geldi. Baýram günlerinde bu topluma gelip-gidýänleriň sany has köp bolýar.

02.05.2022

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Oraza baýramyna bagyşlanan köpöwüşginli çäreleriň mähriban halkymyzyň kalbynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana bolan söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

01.05.2022

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

30.04.2022

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.