Customs Service News

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyk
5 May
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyk

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we onuň edaralarynyň, Konwensiýanyň sekretariatynyň köp sanly bilermenlerinden ybarat bolan wekiliýet Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Bu saparyň maksady Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny ýerine ýetirmegiň meseleleri boýunça Ýewropa sebit maslahatyna hem-de temmäkä garşy göreşmegiň biraýlygyna gatnaşmakdan ybarat. 

Saparyň çäklerinde 2016-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri Jean Tesçe we Kostiantyn Krasowsky bilen duşuşyk geçirildi.  

Duşuşykda esasan Türkmenistana temmäki önümlerini getirmegiň goşmaça tölegler bilen düzgünleşdirilmegi we bikanun getirilmegi barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.