Customs Service News

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda geçirilen dabaraly çäre
22 Oct
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda geçirilen dabaraly çäre

2016-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynda harby gullukçylaryň birnäçesine döwlet sylaglary gowşuryldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň mejlisler zalynda Gullugyň tapawutlanan harby gullukçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara nobatdaky harby atlaryny dakmak çäresi geçirildi. 

Dabaraly çärede döwlet sylaglaryna mynasyp bolan Gullugyň harby gullukçylary mukaddes Tugumyza tagzym edip, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly boljakdygy barada kasam etdiler. 

Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew sylaglanan harby gullukçylary mundan beýläk-de ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňünde eden kasamyna wepaly bolup, gulluk borçlaryny abraý bilen birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi we dabara gatnaşyjylaryň ählisini ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.