Customs Service News

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna degişli bedew at ýeňiji boldy
31 Oct
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna degişli bedew at ýeňiji boldy

2016-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklaryna badalga berildi. Onda ahalteke bedewleri at çapyşyklarynyň 7-sinde özleriniň dürli aralyklary geçmekde ýyndamlygyny görkezdiler.

Bäsleşigiň dördünji çapyşygynda B.Begmedowyň çapan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna degişli Jygalybeg atly bedew ýeňiji boldy. Bu çapyşykda dört we ulyýaşar bedewler ýurdumyzyň Ulag we aragatnaşyk toplumynyň baýragy ugrunda 2800 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. 

Baýramçylyk çapyşyklarynda ýeňiş gazanan bedewlere degişli baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Geçirilen ýedi çapyşykda birinji orna düşen bedewleriň çapyksuwarlary ýeňil awtoulaglaryň açarlaryny ýüzüne sylyp, döredilýän ajaýyp mümkinçilikler, ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek we atşynaslar barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.