Customs Service News

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi
5 Nov
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi

2016-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Watanymyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda uly işleri bitirýän Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredilmegine 25 ýyl doldy. Baýramçylyk mynasybetli Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda Gullugymyzda çäreler ýaýbaňlandyrylydy. Baş baýramçylyk çäresi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda geçirildi.

Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň Gullugyň harby gullukçylaryna we işgärlerine iberen gutlag haty okaldy we ol ýokary ruhubelentlik bilen garşylandy.

Baýramçylyk çäresiniň dowamynda Döwlet gümrük gullugynyň döredilmeginiň güni mynasybetli gutlaglar, Gullugyň ýeten üstünlikleri barada çykyşlar edildi. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň gümrük edaralary döwrüň talabyna laýyk getirilip, bu babatda degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, şahsy düzümiň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Döwlet gümrük gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň hünär derejeleri ýokarlandyrylýar, şonuň bilen birlikde olaryň şahsy jogapkärçiligi hem artýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy barada döwletimiziň edýän aladalary Gullugyň işini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda guramaga, Gümrük gullugy ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga we has hem kämilleşdirmäge giň mümkinçilik berýär. Gümrük gözegçiligi üçin zerur enjamlaryň alynmagy, harby gullukçylaryň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagy bilen bagly durmuşa geçirilýän çäreler harby gullukçylaryň iş tejribesiniň barha artmagyny üpjün edýär.

Şeýle hem, söz sözlänler  mähriban watanymyza, eziz halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, we özleriniň gulluk borçlaryny wepalylyk bilen berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýörelgelerine pugta eýerip, döwletimiziň ykdysady özygtyýarlylygyny hemişe ygtybarly goramak ugrunda ak ýürekden gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

Dabaranyň dowamynda tapawutlanan Gullugyň harby gullukçylara nobatdaky harby atlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleriniň ýüzlenmesi kabul edildi.

Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň döredilmegi mynasybetli baýramçylyk konserti guraldy, onda “Türkmeniň Altyn Asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi bolan Gullugymyzyň aýdym-saz topary hem-de ýurdumyzyň ussat medeniýet we sungat işgärleri çykyş edip, belent owazly aýdymlarynyň üsti bilen eziz watanymyzy, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni gözel tebigatymyzy tarypladylar. Aýdym-sazly dabaraly çäräniň ahrynda döwletimiziň gülläp ösüşi we abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, işiniň rowaç bolmagy dileg edilip, sadaka berildi.