News

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri bellige aldy
26 Dec
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri bellige aldy

2016-njy ýylyň 25-nji dekabry. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary iň ýokary döwlet wezipesine Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasy we raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige aldy. 

Bellige alnan dalaşgärler - raýatlaryň teklipçi toparyndan Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Annanepesow Maksat, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýew hem-de Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyş Orazow. Dalaşgärlere Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgäriň şahadatnamasy gowşuryldy.