News

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi
13 Dec
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarif we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari gatnaşdylar.

Täze gaz geçirijiniň taslamasy dört döwletiň arasynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklary esasynda amala aşyrylar. Bu gaz geçirijiniň uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre barabar bolar. «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň uzynlygy 214 kilometre deňdir. Gaz geçiriji Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen, Päkistanyň Kwetta we Multan şäherleriniň çäklerinden geçer. Şol ýerden bolsa, Hindistanyň Fazilka ilatly nokadyna çenli baryp ýeter. Täze gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Nesip bolsa, şu gün gurluşygyna badalga berilýän bu halkara gaz geçirijisi we onuň ýerüsti kömekçi ulgamlary 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar. 

Döwlet Baştutanymyz «Türkmengaz» döwlet konserni «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň baştutanlygyna biragyzdan saýlandy diýip aýratyn belledi. Şeýlelikde, «Türkmengaz» döwlet konserni bu halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek we ony ulanmak bilen bagly işlere ýolbaşçylyk eder. Şu ýerde Konserniň tebigy gazy çykarmak, ibermek hem-de turba geçirijileri gurmak boýunça 50 ýyldan hem gowrak tejribesiniň bardygyny aýtmak gerek.

Öz çykyşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we onuň üsti bilen bütin türkmen halkyna çuňňur hoşallyk bildirip, şu günki wakanyň—Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmeginiň taryhy ähmiýetini nygtady. Bu gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegine ýardam eder, täze şäherler we şäherçeler dörär, müňlerçe täze iş orunlary dörediler diýip, Owganystanyň Baştutany aýtdy. 

Soňra Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentlerine, Pakistanyň Premýer-ministrine ýüzlenip, häzirki wakanyň bolmagyna dörän mümkinçilik, sebitiň ähli halklarynyň bähbidine şeýle bahasyna ýetip bolmajak hem-de öz wagtyndaky başlangyç bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan täze gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlanandygy üçin hoşallyk bildirdi. 

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň iş ýüzünde tiz durmuşa geçirilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu taslama Merkezi Aziýa ýurtlaryny diňe bir ykdysady nukdaýnazardan birleşdirmän, eýsem, has giň hyzmatdaşlyk üçin hem uly ýoly açar, Pakistanyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrar, diýip, Premýer-ministr aýtdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, Prezident Mohammad Aşraf Gani, Premýer-ministr Mohammad Nawaz Şarif hem-de Wise-prezident Mohammad Hamid Ansari ýörite düwmäni basyp, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berýärler. Bu ýere ýygnananlar özboluşly mazmuna eýe bolan “altyn halkanyň” – täze gaz geçirijisiniň ilkinji sepiniň kebşirleýşini uly gyzyklanma bilen synlaýarlar. TOPH gaz geçirijisiniň ilkinji sepiniň kebşirlenilişi tamamlandy. Türkmen döwletiniň Baştutany hem-de belent mertebeli myhmanlar geljekki energiýa geçirijisiniň ýüzüne öz gollaryny çekýärler. 

Dabara Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda energetika boýunça Ähtnama gol çekilmegi bilen dowam etdi. Şeýle hem TOPH gaz geçirijisi boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni we “Afghangas Enterprise” hem-de “Inter state gas systems /Private/ Limited” kompaniýasy we “Gail /Hindsitan/ Limited” kompaniýasynyň arasynda paýdarlar hakynda Ylalaşyga gol çekildi.