Customs Service News

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
5 Mar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Şu günler eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde Halkara zenanlar gününe - 8-nji mart baýramyna bagyşlanan dürli çäreler giňden we dabaraly ýagdaýda geçirilýär.

Bu baýramçylygyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban zenanlarymyza pul sylaglaryny gowşurmak barada gol çeken Buýrugy baýramçylyk çäreleriniň dabarasyny has-da artdyrdy. Munuň özi döwletimiziň aýal-gyzlarymyza uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda geçirilen dabaraly çäre hem, gullugyň zenan işgärleri üçin ajaýyp sowgat boldy. Gullugyň başlygy polkownik M. Çakyýew zenan işgärlerimize hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Döwlet gümrük gullugynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan bu dabara zenanlara ýokary hormat goýmagyň aýdyň beýany boldy.