Habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap daýhan birleşiginiň çäginde “Mähriban obam” hususy kärhanasy tarapyndan ýyladyşhana guruldy. Ýyladyşhanada ekinleri ekmekden, olary ösdürip ýetişdirmekden we ideg etmekden başlap , işgärleriň zähmetini guramaga çenli önümçilik işleriniň dolandyrylyşy sanly ulgam arkay amala aşyrylýar. Ýylylygyň, çyglylygyň, hasyllylygyň görkezijileri, hasylyň ýyglanan möhleti taýýar önümiň ulag serişdesine ýüklenendigi, onuň içerki we daşarky bazarlara ugradylandygy, ulagly alnyp barylýan wagtynda saklanyş şertleri hem-de paýlanylyşy baradaky maglumatlar onlaýn görnüşde merkezleşdirilen dolandyryş ulgamyna gelip gowuşýar. Kärhanada bir ýylda Altes pomidory, Çerry pomidory, Gülgüne pomidorynyň 1 8000 tonnasy öndürilýär. Pomidor hasylyny tozanlandyrmak işleri ýörüte arylaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýip yglan eden 2021-nji ýylda Mary welaýat gümrükhanasynyň “Mary” gümrük nokadynda “Mähriban obam” hususy kärhanasy tarapyndan 7298 tonna ter pomidor önümi Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan döwletlerine eksport gümrük düzgünine resmileşdirilip sarp edijilere ugradyldy.