Şahsy taraplar üçin
oops

Ýolagçylar üçin gümrük düzgünleri

Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegi

Gümrük edarasy tarapyndan fiziki şahsyň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar, harytlaryň häsiýeti we olaryň mukdary hakyndaky mälim etmesinden, şeýle hem harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçiş ýygylygyndan ugur alnyp telekeçilik işini amala aşyrmak bilen bagly niýetlenilişi kesgitlenen halatynda bu harytlara gümrük paçlary, salgytlary töletdirilýär.

Fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň gümrük serhedinden şahsy peýdalanylmagy üçin ýa-da sowgat hökmünde getirilen harytlar bolsa gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylýar.

Hökmany suratda deklarirlenýän harytlar

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda getirilmegi çäklendirilen ýa-da bahasy we (ýa-da) mukdary Türkmenistanyň gümrük serhedinden gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden doly boşadylmagy bilen geçirmek üçin bellenilýän çäklendirmelerden geçýän harytlar ýazmaça deklarirlenilmäge degişlidir.

Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän halatlarda we tertipde fiziki şahsyň el goşunda we ýanyndaky goşunda ýazmaça görnüşde deklarirlenilmäge degişli harytlaryň ýokdugyny tassyklaýan hereketleri amala aşyrmagy bilen dilden deklarirlenilmäge degişli harytlary deklarirlemek amala aşyrylyp bilner.

Harytlaryň niýetlenilişi gümrük edarasy tarapyndan şulardan ugur alnyp kesgitlenilýär:

  • harytlaryň häsiýeti we olaryň mukdary;
  • harytlaryň geçiş ýygylygy.
Harytlaryň deklarirlenmegi

Harytlaryň deklarirlenmegi kämillik ýaşyna ýeten fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

Ýaşy on sekize çenli bolan kämillik ýaşyna ýetmedik şahsyň harytlary ýanynda bolan ene-atasynyň biri, perzentlige alan, hossary ýa-da howandary tarapyndan deklarirlenilýär.

Deklarirlemegiň görnüşleri

Fiziki şahslaryň el goşunda we ýanyndaky goşundaky harytlaryny ýönekeýleşdirilen tertipde we çalt deklarirlemegi üçin geçiriş ýerlerinde ol harytlaryň deklarirlenilmeginiň görnüşini saýlap biler ýaly ýörite belgilenen «adaty» we «ýaşyl» geçelgeleri enjamlaşdyrylyp gurnalan.

El goşunda we ýanyndaky goşunda ýazmaça görnüşde deklarirlenilmäge degişli harytlary bolan fiziki şahslar «adaty» geçelgeden geçýärler.

El goşunda we ýanyndaky goşunda ýazmaça görnüşde deklarirlenilmäge degişli harytlary bolmadyk fiziki şahslar «ýaşyl» geçelgeden geçýärler.

Bu geçelgede gümrük gözegçiliginiň aýry-aýry görnüşleriniň ulanylmazlygy fiziki şahsyň Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyny berjaý etmek borjundan boşadylýandygyny aňlatmaýar.

Türkmenistana getirilende gümrük paçlary we salgytlar tölenmeýän harytlar

Raýatlaryň el goşlarynda getirýän, umumy agramy 60 kilogramdan ýokary bolmadyk harytlar, şol sanda umumy agramy 1 kilogramdan ýokary geçmeýän zergärçilik önümleri gümrük paçlaryny tölemekden boşadylýar.

Umumy agramy 60 kilogramdan geçýän harytlara her 1 kilogramy üçin ABŞ-nyň 10 amerikan dollary möçberinde gümrük pajy töletdirilýär.

1 kg möçberden ýokary geçýän zergärçilik önümleriniň her 1 gr üçin ABŞ-nyň 0,20 amerikan dollary möçberinde gümrük pajy töletdirilýär.

Şahsy taraplar özleriniň şahsy hajatlarynda peýdalanmagy üçin salgyt tölemezden getirip bilýär:

  • 1 litr alkogolly içgiler we piwo
  • 2 gap çilim
Ýangyç babatda gümrük tölegleri

Fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän ulag serişdeleriniň gurluşynda göz öňünde tutulan ýangyç gaplaryndaky ulag serişdeleri üçin ýangyç, gümrük paçlary, salgytlar tölenilmezden Türkmenistanyň gümrük çägine getirilip ýa-da degişlilikde bu çäkden alnyp gidilip bilner.

Fiziki şahslar tarapyndan pul serişdeleriniň Türkmenistana getirilmeginiň we alnyp gidilmeginiň düzgüni

Fiziki şahslar nagt pul serişdesini hiç-hili çäklendirmesiz, emma gümrük edarasyna deklarirlemek bilen Türkmenistana çägine getirip biler. Fiziki şahslar tarapyndan möçberi 10.000 ABŞ-nyň dollaryndan ýokary geçmeýän, resmi hümmeti boýunça oňa barabar derejede milli ýa-da beýleki daşary ýurt puluny, şeýle hem Türkmenistana öň getirilen we gümrük edarasyna deklarirlenen, getirilendigini tassyklaýan gümrük deklarasiýasynyň görkezilmegi bilen nagt puly Türkmenistandan alnyp gidilmegine ýol berilýär.   

Öý haýwanlaryny we ösümlikleri Türkmenistanyň çägine getirmegiň tertibi

Döwlet gözegçiliginiň weterinariýa, fitosanitariýa görnüşlerine degişli bolan öý haýwanlary we ösümlikler babatda gümrük taýdan resmileşdirmek diňe şeýle gözegçiligi amala aşyrýan degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylandan soň tamamlanylyp bilner.

Derman serişdeleriniň Türkmenistanyň çägine getirilmegi

Ýolagçylar, şahsy ulanmagy üçin niýetlenip dermannama boýunça satyp alnan derman serişdelerini getirip bilýärler. Ýolagçy, derman serişdesiniň öz bejergisi üçin niýetlenendigini esaslandyrmaly. Dermannama boýunça satyn alnan derman serişdeleriniň getirilmegi dermannamany bermek arkaly amala aşyrylýar. Şu şertleriň berjaý edilmegi bilen derman serişdeleri deklarirlenmezden getirilýär.

Döwlet edaralarynyň rugsatnamasy boýunça fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň we gymmatlyklaryň sanawy.

 

Harytlaryň we gymmatlyklaryň sanawy

Rugsat berýän döwlet edarasy

Harby nusgaly ýaragdan başga ok atýan ýarag we onuň üçin oklar, start hem-de  gaz sapançalary

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi

Radioelekron serişdeler we ýokary ýygylykly enjamlar, şol sanda radiomikrofonlar, radiostansiýalar, radiotelefonlar hem-de ýerüsti we hemra arkaly ulanylýan beýleki kabul ediji – beriji enjamlar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudakara topary

 

Arhiw materiallary*

Türkmenistanyň Baş arhiw müdirligi

Sungat eserleri (şekillendiriş grafikasy, žiwopisi), gadymy, arheologiki zatlar hem-de çeperçilik, taryhy, ylmy we medeni gymmaty bolan beýleki zatlar*

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi

Elde dokalan gadymy halylar we haly önümleri*

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi

Gadymy ikonalar, dini ybadatyň zatlary we din boýunça kitaplar*

Türkmenistanda dini guramalar bilen işlemek we dini maglumat saklaýan serişdeleri, neşirýat hem-de çaphana önümlerini seljermek boýunça iş topary

Oňurgaly we oňurgasyz haýwanlar, saýraýan guşlar ham-de aw guşlary, türkmen iti we tazysy, ösümlikler we olaryň tohum bölekleri*

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti

* Ygtyýarnama diňe  alyp gitmek üçin zerurdyr.


Türkmenistana getirilmegi we onuň çäginden alnyp gidilmegi (iberilmegi) gadagan edilen harytlaryň sanawy

Milli howpsuzlygyň, jemgyýetçilik tertibiniň, ahlagyň, adam saglygynyň, eýeçilik hukugynyň, şeýle hem intellektual eýeçiliginiň hukugynyň, flora we faunanyň, adamlaryň çeperçilik, taryhy we gazuw agtaryş serişdeleriniň bähbitlerinden, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen, kanunçylyga we halkara şertnamalaryna laýyklykda şu harytlaryň Türkmenistana getirilmegi we onuň çäginden alnyp gidilmegi (iberilmegi) gadagan edilýär:

  • şahsy howpsuzlygyny üpjün etmek maksatly ýaragyň ähli görnüşleri, nusgasy we modelleri (şol sanda gazly ballonlar, elektroşokerler, kastetler, gülleler we ş.m.)
  • plastmassa we beýleki oklary atýan oýnawaç sapançalar, naganlar, awtomatlar, beýleki serişdeler
  • dolandyryjysy sag tarapynda bolan ýa-da sagyndan çepe geçirilip enjamlaşdyrylan awtoulag serişdeleri
  • öndürilen ýyly hasaba alynmanda 5 ýyly dolan awtoulag serişdeleri
  • sport nusgadaky ýokary tizlikli awtoulaglary hem-de hereketlendirijisiniň iş göwrümi 3 500 kub sm-den ýokary bolan ýeňil awtoulaglary
  • pornografiýany özünde saklaýan audio, wideo, foto, kino we beýleki çap edilen önümler*
  • Türkmenistanyň syýasy we ykdysady bähbitlerine, onuň döwlet howpsuzlygyna, ilatyň saglygyna we ahlagyny gorap saklamaga zyýan ýetirip biljek maglumatlar bolan, çap edilen we audiowizual materiallar, beýleki habar beriş materiallary*
  • harby maksatly ýaraglar, ok-däriler, tehnika we olary (öndürmek) taýýarlamak üçin ýörite niýetlenen üpjünleýji enjamlar we materiallar
  • partlaýjy maddalar
  • ýadro serişdeleri, şol sanda ýylylyk bölüp çykaryjy gurnama görnüşli materiallar
  • ionlaşdyryjy şöhleleriň çeşmeleri
  • ýaraglary we harby tehnikany döretmek üçin peýdalanylyp bilinjek tehnologiýalar we ýörite enjamlar
  • pirotehniki serişdeler (feýerwerkler (bengal ody we çakmagy, däri ulanylmagy bilen alawlaýan şemler we fakel muňa girmeýär) pitardalar, raketa atyjylar,)
  • neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olary taýýarlamak ýa-da ulanmak üçin tehnologiýalar, esbaplar;
  • zäherler we zäherleýji maddalar
  • ýatyrylan gymmatly kagyzlar
  • alkogolly önümleriň ähli görnüşlerini ýasamak üçin ýarlyklar (etiketkalar), gapaklar, dykylar we beýleki gaplaýyş serişdeleri

* Türkmenistanyň çäkleri boýunça üstaşyr geçirilmegi hem gadagan edilýär

Şahsy taraplaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alyp gitmegi (ibermegi) gadagan edilýän harytlarynyň sanawy.
  • mumiýa
  • buýan köki
  • buýan köküniň şiresi
  • propolis
  • gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlar hem-de olaryň kem-käsleýin işlenip bejerilenleri
  • mäheklenmedik zergärçilik önümleri
  • öý guşlary
  • janly we jansyz bekre balygy, onuň bölekleri we ondan alynýan önümler
  • Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlar, ösümlikler hem-de olaryň bölekleri
Alnan harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagy

Gümrük barlagynyň netijesinde ýüze çykarylan, Türkmenistana getirilmäge ýa-da dolanyşyga gadagan edilen, rugsat edilen mukdardan köp bolan, gümrük paçlaryny tölemäge degişli harytlar alynýar. Alnan harytlar gümrük edarasynyň wagtlaýyn saklanylýan ammaryna ýerleşdirilýär. Çalt zaýalanýan harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ammarynda 3 (üç) günden köp bolmadyk, beýleki harytlar 1 (bir) aýdan köp bolmadyk möhletde saklanýar. 

Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän harytlaryň sanawy

 

Harydyň ady

1

Tikin önümleri

2

Trikotaž önümleri

3

Aýakgaplar

4

Matalar

5

Temmäki we temmäki önümleri

6

Alkogolly içgiler

7

Tele-wideo-audio we radio enjamlary

8

Ýeňil awtoulaglar

9

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan güwälendirilen, elde dokalan haly we haly önümleri

10

Mineral suw

11

Alkogolsyz içgiler

12

Gök we bakja önümleri, ir-iýmişler (iýul-awgust aýlary)

13

Makaron önümleri

14

Ary baly

15

Nahar duzy

16

Pomidor goýutmasy

17

Doňdurma we düzüminde kakao bolan ýa-da bolmadyk iýmitlik  buzuň  beýleki görnüşleri

18

Maşynda dokalan halylar

19

Taýýar ýod önümleri

20

Gaplanan bejeriş palçyklary we deňiz duzy

21

Zyýansyzlandyrylan sargy serişdeleri

22

Lukmançylyk kosmetika pamyk önümleri

23

Mineral bejeriş suwlary

24

Keçe ädik

25

Kafel ýelimi

26

Gaplanan gök we miwe önümleri

27

Mal içegeleri

28

Deri önümleri (çig mal we ilkinji işlenen görnüşinde)

29

Süýji-köke önümleri

30

Balyk konserwleri

31

Pagta ýagy

 

Fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň çägine harytlaryň wagtlaýyn getirilmegi we onuň çäginden alnyp gidilmegi

Yzyna alyp gitmek şerti bilen şahslar tarapyndan Türkmenistanyň çägine getirilen harytlar (mysal üçin kameralar, fotoenjamlar, noutbuklar, köpçülikleýin habar serişdeleri üçin ýörite tehniki enjamlar) deklarirlenmelidir hem-de getirilendigini tassyklaýan deklarasiýanyň berilmegi bilen alnyp gidilmelidir.

Daşary ýurt döwletlerinde hasaba alnan Daşary Ykdysady Işiň Haryt Sanawynyň 8703 haryt toparyna degişli bolan ulag serişdeleri we olaryň tirkegleri (ýarym tirkegleri) Türkmenistanyň gümrük çägine daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslara degişli resminamalara laýyklykda gümrük edarasy tarapyndan bellenilýän möhlete getirilmegine rugsat berilýär. Şeýle hem şol möhlet gümrük edarasy tarapyndan wizada görkezilen möhlete çenli uzaldylyp bilner.

Şeýle ulag serişdeleri getirilende 2 (iki) nusgada yzyna alyp gitmek hakynda borçnamanyň doldurylmagy bilen serhetde Türkmenistanyň gümrük edarasy tarapyndan resmileşdirilýär. Birinji nusga gümrük edarasynda galýar, ikinji nusga ulag serişdesiniň eýesine berilýär. Bu borçnama ulag serişdesini Türkmenistanyň gümrük serhedinden yzyna alyp gitmek üçin esas bolup durýar.

Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslar tarapyndan Türkmenistanyň çägine wagtlaýyn getirilen ulag serişdeleri bellenen möhletiň tamamlanmagy bilen Türkmenistanyň çäginden yzyna hökmany alnyp gidilmegine degişlidir.

Harytlaryň barlagy

Awtobusda ýa-da awtoulag serişdesinde Türkmenistanyň çägine gelýän ýolagçy, eger onuň goşunyň barlagy ulag serişdesinde amala aşyrylmadyk ýagdaýynda, ol öz goşy bilen barlag-gözegçilik ýerinden geçmeli. Kada laýyklykda barlanylýan ýolagçy ýüküni barlag üçin özi taýýarlamaly, şeýle hem özi ýygnamaly. Ýolagçy gümrük edarasynyň wezipeli işgäriniň talap etmegi boýunça şahsy maglumatlaryny mälim etmäge borçludyr.

Başga şahsa degişli bolan ýüke ýa-da getirilýän harytlara erk edýän ýolagçy rugsat berilýän möçberinden artyk harytlardan gelip çykýan tölegler we beýleki netijeler boýunça borçnamalaryň öňüni almak maksady bilen, barlag-gözegçilik ýerine harytlaryň eýesi bilen bile geçmeli.

Ýolagçynyň ýany bilen gelýän ýük

Ýolagçynyň gelmeginden soň gelip gowuşýan onuň ýany bilen iberilen ýük hem ýolagçynyň şahsy peýdalanmagy üçin niýetlenen haryt diýip hasap edilýär.

Eger ýüküň agramy rugsat berilýän çäkden geçmeýän bolsa ýolagçy, ýüki gümrük töleglerini tölemezden geçirip bilýär.