Habarlar

Türkmenistanyň DIM-nde BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi
17 Dek
Türkmenistanyň DIM-nde BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi

2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär.

Türkmen tarapyndan resminama Daşary işler ministri Raşid Meredow gol çekdi.

BMG tarapyndan agzalan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gol çekdi.

Bu taslamada durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek we bu ugurda BMG-niň düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça işleri alyp barmagy göz öňünde tutulýar.

Taslama Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen bilelikdäki işleriniň çäklerinde amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan global Durnukly ösüş maksatlaryny hökümet derejesinde kabul eden ilkinji ýurtlaryň biridir. Şeýle-de Durnukly ösüş maksatlary Türkmenistanyň milli syýasatynda düýpli ornaşdyrylandyr we häzirki wagtda DÖM-nyň köp meseleleri ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli we pudaklaýyn maksatnamalarda öz beýanyny tapdy.

Gol çekilen bilelikdäki maksatnama Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramlary bilen BMG-niň degişli edaralarynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyny berkitmekde we giňeltmekde hukuk esasyny döreder.