2026-njy ýylyň 23-24-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen sanly söwdany ösdürmek we gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerine bagyşlanan halkara maslahata gatnaşdylar. Çäre, Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäginde Aziýa ösüş banky we Koreýa Respublikasynyň Gümrük gullugy tarapyndan guraldy.
Bu okuw maslahaty CAREC maksatnamasyna gatnaşyjy ähli ýurtlaryň degişli döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň we bilermenler jemgyýetiniň wekillerini özünde jemledi.
Okuw maslahatyň dowamynda sanly söwdany ösdürmek, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we elektron maglumat alyş-çalşygyny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň UNI-PASS sanly gümrük ulgamyny ulanmak tejribesi bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri öz çykyşlarynda ýurtda gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler hem-de CAREC-iň söwdany döwrebaplaşdyrmak boýunça Sebitleýin synynyň taslamasy boýunça türkmen tarapynyň tekliplerini hödürlediler. Bu çäre sebit ýurtlarynyň arasynda sanly söwda we gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança boldy.