Habarlar

Türkmenistanyň Mejlisi 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini kabul etdi
2 Dek
Türkmenistanyň Mejlisi 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini kabul etdi

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň web-saýty habar berýär.

«Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunynyň taslamasyna we «Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiniň kararynyň taslamasyna garamak maslahatyň gün tertibiniň esasy meseleleri boldy. Maslahata hökümet agzalary degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň 27-nji noýabrda geçirilen mejlisinde milli Liderimiz geljek ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamakda esasy ugurlar barada aýdyp, onuň baş maksadynyň pudaklary yzygiderli ösdürmegiň, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmegiň, giň möçberli senagat taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hasabyna ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini durnukly saklamakdan ybaratdygyny belledi.

Şunlukda, Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň esasy bölegi durmuş pudagynyň, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we jemagat hojalygy düzümleriniň maliýeleşdirilmegine gönükdirilmelidir.