2026-njy ýylyň 11-12-nji noýabrynda Moldowa Respublikasynyň Kişinýow şäherinde Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ugry boýunça gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak we serhetüsti maglumat alyş-çalşygyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan sebit duşuşygy geçirildi. Halkara Söwda Merkezi tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirilmeginde guralan çärä Merkezi Aziýanyň, Günorta Kawkazyň, Moldowanyň, Türkiýäniň we Ukrainanyň gümrük gulluklarynyň, halkara guramalaryň wekilleri hem-de bilermenler gatnaşdylar. Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça öz tejribeleri bilen paýlaşdylar hem-de gümrük edaralarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, töwekgelçilikleri dolandyrmakda sanly tehnologiýalary ulanmak, serhetüsti söwda we ulag amallaryny ýeňilleşdirmek, rugsat beriş resminamalaryny we şahadatnamalary elektron görnüşde resmileşdirmek, şeýle-de «Bir penjire» milli ulgamlaryny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Amaly sapaklaryň we toparlaýyn pikir alyşmalaryň çäklerinde maglumat alyş-çalşygyny has-da ösdürmek hem-de tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça mümkinçiliklere garaldy.
Duşuşyga gatnaşan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen tejribe alyşmak, gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak we maglumat alyş-çalşygyny kämilleşdirmek boýunça öňdebaryjy tejribe hem-de täze çemeleşmeler bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe boldular.