Habarlar

Aşgabatda SPEKA-NYŇ dolandyryjylar geňeşiniň 14-nji mejlisi geçirildi
22 Noý
Aşgabatda SPEKA-NYŇ dolandyryjylar geňeşiniň 14-nji mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 21-nji noýabrynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda, Aşgabatda geçirilýän “SPEKA günleriniň” jemleýji tapgyry bolan, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasynyň (SPEKA) Dolandyryjylar geňeşiniň 14-nji mejlisi geçirildi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär.

Duşuşyga SPEKA gatnaşyjy döwletleriň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) wekilleri, şeýle-hem ykdysadyýet we ösüş, söwda we ulag pudaklarynda işleýän hünärmenler gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda şu ýylda SPEKA-nyň çäklerindäki alnyp barylýan işleriň netijelerine seredildi, Iş toparlarynyň hasabatlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki döwür üçin wajyp ugurlary kesgitlenildi.

Gatnaşyjylar Aşgabatdaky “SPEKA günleriniň” ýokary guramaçylyk derejesini nygtap geçdiler hem-de SPEKA sebitinde hyzmatdaşlygyň ýokary basgançaklaryna ýetmek, şol sanda, dünýä ykdysadyýetine goşulmak we Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak maksady bilen serhetara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmek barada ylalaşdylar.