Habarlar

Türkmenistan — BMG: sebit ykdysady maksatnamasy durmuşa geçirilýär
19 Noý
Türkmenistan — BMG: sebit ykdysady maksatnamasy durmuşa geçirilýär

2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde «SPEKA günlerine» badalga berildi, diýip Türkmen Döwlet habarlar gullugy habar berýär. Duşuşygyň esasy wakasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda söwda syýasaty boýunça «tegelek stoluň» başynda ýokary derejedäki duşuşygy geçirmekden hem-de durnukly ulag we söwda boýunça iş toparlarynyň mejlisini guramakdan ybaratdyr.

«SPEKA» sebitinde söwda işiniň ýönekeýleşdirilmegi hakynda Bütindünýä söwda guramasynyň ylalaşygyny durmuşa geçirmek: Merkezi Aziýa köptaraply söwda ulgamynda” atly mowzuk esasynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen foruma Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly maksatnama gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň esasy maksady söwda işleriniň ýönekeýleşdirilmegine gönükdirilen çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmekde bilelikdäki hyzmatdaşlyk üçin esaslary gözlemekden ybaratdyr. Bu wezipe Aşgabatda geçirilýän «SPEKA günleriniň» umumy konsepsiýasyna doly laýyk gelýär. Ol sebitde BMG-niň kadalaryny, standartlaryny ulanmak arkaly, söwda we ulag ulgamlaryndaky böwetleri azaltmak boýunça başlangyçlara goldaw bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem ol sebitleýin bazarlaryň giňeldilmegini, maýa serişdelerini, täzeçil tehnologiýalary çekmek üçin Ýewropanyň we Aziýanyň ykdysadyýetleri bilen goşulyşmak, serhetüsti satuw ulgamlaryny pugtalandyrmak meselelerini esasy ugur edinýär.