29.09.2026
DABARALY HARBY ÝÖRIŞ – BELENT MERTEBE
2026-njy ýylyň 12-16-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Niderlandlar Patalygyna geçirilen tanyşlyk saparyna gatnaşdylar. Bu çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýän «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmek/Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmek» maksatnamasynyň çäklerinde Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýeti (GIZ) tarapyndan geçirildi.
Iş saparynyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan wekiliýetler täzelikleri we innowasiýalary ornaşdyrmakda Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy edaralarynyň biri bolan Niderlandlaryň Gümrük gullugynyň tejribesi bilen giňden tanyşdylar. Saparyň maksatnamasy maglumatlary dolandyryş we howpsuz söwda geçelgelerini döretmek babatda ylmy barlaglary öwrenmek üçin Delft tehniki uniwersitetinde (TU Delft) duşuşygy, Niderlandlaryň Gümrük gullugynyň Merkezleşdirilen edarasyna hem-de Rotterdam portunyň infrastrukturasyna baryp görmegi öz içine aldy. Ol ýerde töwekgelçilikleri seljermek ulgamlary we döwrebap barlag-skaner enjamlary iş ýüzünde görkezildi. Harytlary daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda awtomatiki usulda toparlara bölmek, resminamalary işlemegi awtomatlaşdyrmak we gümrük taýdan resmileşdirmegi tizleşdirmek üçin emeli aňa esaslanýan amaly maglumat tehnologiýalar çözgütlerine aýratyn üns berildi.
Saparyň dowamynda alnan tejribe we innowasion amallar Türkmenistanyň gümrük ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we halkara söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge goşant goşar diýip garaşylýar.