Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
4 Dek
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň web-saýty habar berýär.

Mejlisde Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew Belent Serkerdebaşymyzyň ozal beren tabşyryklary bilen baglylykda, şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň degişli kanunlarynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük gözegçiliginiň döwrebap görnüşlerini, usullaryny we tehniki serişdelerini, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna gullugyň işini has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Şol işleriň amala aşyrylmagy gümrük edaralarynyň ähli bölümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz daşary döwletleriň degişli düzümleri hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, degişli ugurda öňdebaryjy tejribäni yzygiderli öwrenmegiň, umumy kabul edilen kadalary we ölçegleri ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, edaranyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp, biz döwletimiziň alyp barýan, parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralarymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidýäris diýip belledi. Döwletimiz harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada edýär. Olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana halal gulluk edip uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça uly işleri durmuşa geçirýäris.