Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwala gatnaşyjylaryna gutlagy
19 Noý
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwala gatnaşyjylaryna gutlagy

2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwal açylýar. Bu iri medeni çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjylara Gutlag hatyny ýollady. Onda şeýle diýilýär:

“Hormatly halkara festiwala

gatnaşyjylar!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen topragynda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, ylhamyňyzyň elmydama gaýnap joşmagyny arzuw edýärin.

Bu halkara çäre şöhratly taryha, medeni mirasa örän baý türkmen halkynyň ruhy galkynyşynyň ýeten derejesini açyp görkezýän özboluşly baýramdyr. Dünýäniň onlarça döwletinden gelen teatr toparlarynyň artistleriniň görkezjek sahna oýunlarynyň her biriniň milli äheňlere eýedigi, şol bir wagtyň özünde hem olaryň umumadamzat gymmatlyklaryna goşant goşýan eserlerdigi şübhesizdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli teatr sungaty täze öwüşgine eýe boldy, täze basgançaklara çykdy. Häzirki döwürde türkmen teatry ýaş nesli ahlak taýdan terbiýeleýän, halkymyzy dünýä hem-de milli ruhy genji-hazynalarymyz bilen tanyşdyrýan medeniýet ojagy bolmak wezipesini dowam etdirýär.

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe güneşli türkmen Diýarynda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, döredijilik ylhamyňyzyň mundan beýläk-de gaýnap-joşmagyny, bu halkara medeni çäräniň işine bolsa uly üstünlikleri arzuw edýärin”.