Gümrük habarlary

Gümrük işi babatda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy
21 Noý
Gümrük işi babatda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli pudaklary boýunça özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär     hem-de hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Daşary ýurt gümrük gulluklary bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Gümrük gullugynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirildi. Daşary ýurt döwletleriniň gümrük gulluklary bilen hyzmatdaşlyklar işjeňleşdirildi. Bu ugurda Gümrük gullugynyň şertnamalaýyn-hukuk binýady hem giňedi. 

2018-nji ýylda Koreýanyň gümrük gullugy bilen hyzmatdaşlygymyz has-da işjeňleşdirildi, munuň özi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň özara ykdysady bähbitleri bilen şertlendirilýär. 2018-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň Koreýa Respublikasyna iş sapary gurnaldy. Bu saparyň çäginde Gullugymyzyň başlygy Koreýanyň gümrük edaralaryna baryp gördi, şeýle-de Koreýanyň gümrük gullugynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy.  

Golaýda Gullugymyzdan wekiller Koreýanyň gümrük gullugy tarapyndan guralan türkmen-koreý okuw çäresine gatnaşdylar. Bu çäre 2019-njy ýylyň 11-15-nji noýabry aralygynda Seul şäherinde geçirildi. Okuw çäresi ýörite maksatnama boýunça geçirildi, onuň esasy temasy gümrük işini awtomatlaşdyrmak we sanly ulgamy geçirmek. 

Saparyň dowamynda wekiliýetimiz Günorta Koreýanyň elektron hökümetiniň ýagdaýy bilen tanyşdy, şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerini öwrendiler, Koreýanyň gümrük edaralarynyň işi bilen ýakyndan tanyşdylar.