News

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden
5 Mar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriň netijelerine garady we birnäçe ýolbaşçylaryň işi boýunça anyk çözgütler kabul edildi we birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi.

Mejlisde Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyza awtoulag serişdelerini getirmegiň tertibini kämilleşdirmäge, ekologiýa howpsuzlygy babatda alyjylaryň bähbidiniň goralmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň örän ähmiýetlidigini belläp, “Türkmenistanyň çäklerine getirilýän awtoulag serişdeleri üçin gümrük paçlaryny bellemek” hakyndaky Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň ünsüni bu resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyna çekdi. Hormatly Prezidentimiz içeri işler ministrine  kabul edilen resminamany ilat arasynda düşündirmek hem-de onuň ähmiýetini beýan etmek babatda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. 

Mejlisiň barşynda soňky ýyllarda ýurdumyzda hukuk goraýjy edaralaryň işlemegi üçin ygtybarly hukuk binýady döredildi, olaryň maliýeleşdirilmegine goýberilýän serişdeleriň möçberleri ep-esli artdyryldy, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýady hem-de işgärler bilen üpjünçiligi pugtalandyryldy, öz işini oňat bilýän we söýýän hünärmenler kemala geldi, diýip hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we bularyň ählisiniň kanun bozulmalaryna garşy netijeli çäreleri geçirmäge mümkinçilik berýändigini belledi. 

Milli Liderimiz biz parahorlyk we korrupsiýa ýaly ýaramaz hadysalara garşy aýgytly hem-de rehimsiz göreşeris diýip aýtdy we harby hem-de hukuk goraýjy edaralara geçirýän işleri üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.