Habar

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda parahatçylyk söýüjilik hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny berkitmäge, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylykly hem-de umumy bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işler yzygiderli üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen sebitdäki döwletleriň gümrük edaralarynyň arasynda, ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda ylalaşyklar hem, munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda elektron görnüşde deslapky maglumatlaryň alyşylmagy, gümrük serhedinden geçirilýän harytlar gümrük taýdan resmileşdirilende töwekgelçilikli dolandyrmaga, harytlaryň bahalaryna ygtybarly gözegçilik etmäge, galp resminamalaryň ulanylmazlygyna, gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilişine mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete geçilýän häzirki döwürde, sebitdäki döwletleriň gümrük edaralary bilen, gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmagy, gümrük taýdan resmileşdirme wagtynyň azalmagyna, eksport we üstaşyr mümkinçilikleriniň we tölegleriň artmagyna, netijede bolsa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň has-da ösmegine ýardam eder.