Habarlar

Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň döredilmegi baradaky resminama gol çekildi
6 Iýul
Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň döredilmegi baradaky resminama gol çekildi

2019-njy ýylyň 6-njy iýulynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti hanym Federika Mogeriniň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň jemleri biýunça taraplar “Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýetini döretmek, onuň artykmaçlyklary we goraglylygy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropa Bileleşiginiň, Atom Energiýasy boýunça Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ylalaşyga” gol çekdiler, bu bolsa gatnaşyklaryň çäklerindäki ähmiýetli waka boldy.