Habarlar

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglandy
11 Iýul
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Iwan Iwanowiç KUZMIN Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglandy.

Ýokary sylaga Iwan Kuzmin Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegine goşan şahsy goşandy üçin, şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmeginde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin mynasyp boldy.