Habarlar

Birinji Hazar Ykdysady Forumyna bagyşlanan halkara media-forum
2 Iýul
Birinji Hazar Ykdysady Forumyna bagyşlanan halkara media-forum

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi satynyň habar bermegine görä, Birinji Hazar Ykdysady Forumyna bagyşlanan halkara media-forumy geçirildi. Birinji Hazar Ykdysady Forumy şu ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. 

Mediaforuma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri, syýasatşynaslar hem-de žurnalistika hünärinde okýan talyplar gatnaşdylar. 

Halkara medoa-forumyň başynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň geňeşçisi giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine we mümkinçiliklerine bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Media-forumyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň  «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň orunbasary J.Garaýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary A.Çaryýew hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary S.Rejepow çykyş etdiler.

Çykyş edenler birinji Hazar ykdysady forumynyň hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtadylar.