Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň barşy bilen tanyşdy
20 Iýun
Türkmenistanyň Prezidenti birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň barşy bilen tanyşdy

2019-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, wise-premýerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi diýip TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyza şu ýylyň awgust aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, Forumyň gün tertibi Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny gurşap alýar. Oňa gatnaşmak üçin hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, kenarýaka sebitleriň we ýerine ýetiriji edaralaryň baştutanlary, bank ulgamynyň, işleri Hazar bilen bagly bolan firmalaryň we kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem halkara ykdysady, maliýe, ulag, ekologiýa we beýleki guramalaryň, ylmy merkezleriň işgärleri çagyryldy.

Meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda “Hazar innowasion tehnologiýalar” we “Türkmen sährasy-2019” sergileri we Halkara maslahat bar. Maslahatda dünýä möçberinde Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň eýeleýän orny, nebitgaz, elektroenergetika, ulag, söwda, obasenagat, syýahatçylyk we beýleki pudaklarda maýa goýum taýdan özüne çekijiligiň ösüşiniň ýagdaýlary ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Mälim bolşy ýaly, birinji Hazar ykydysady forumyny geçirmegiň senesi tötänden saýlanyp alynmady. Hut şol gün, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawuny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Şondan bäri bu sene sebitiň ýurtlary tarapyndan Hazaryň halkara güni hökmünde bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Hazar forumynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň iň ýokary derejede guralmagy we geçirilmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleriň üstünde jikme-jik işlemegi tabşyrdy.