News

2016-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp bilelikdäki türkmen-awstriýa konserti geçirildi.
9 Mar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Awstriýa – Тürkmen jemgyýeti tarapyndan guralan döredijilik agşamyna gatnaşmak üçin Wena döwlet opera teatrynyň aýdymçylary Andreas Ýankowiç we Werena te Best, tansçy jübüt Ramina Ýustina Kolodsiý we Damian Simka, şeýle hem awstriýa dirižýory, “Galkynyş” Türkmen – awstriýa orkestriniň çeper ýolbaşçysy Wolfgang Harrer Aşgabada geldiler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, “Mukam” skripkaçylar topary, belli artistler ýurdumyzyň sazçylyk milli mekdebiniň gazananlaryny görkezdiler. 

Şu gezekki döredijilik çäresi dostlukly döwletleriň gumanitar ulgamda işjeň gatnaşyklaryny dowam etmek bilen, iki ýurduň halklarynyň biri-biriniň ruhy gymmatlyklaryna uly gyzyklanma bildirýändiklerini, olaryň has ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýandygyny tassyklaýar. Şol bir wagtyň özünde bu çäräniň geçirilmegi hormatly Prezid entimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan we dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna hem-de goldawyna eýe bolan açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň oňyn netijesi bolup durýar.