News

Aşgabatda gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisi geçirilýär
9 Mar
Aşgabatda gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisi geçirilýär

2016-njy ýylyň 8-nji martynda Halkara zenanlar gününde paýtagtymyzda Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisiniň açylmagy aýal-gyzlarymyza özboluşly sowgat boldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guralan sergi gözelligiň we döredijiligiň, ajaýyp aýdym-sazlaryň, şatlykly duşuşyklaryň özboluşly baýramçylygyna hem-de ýurdumyzda döwlet tarapyndan zenanlara uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara sergisine gatnaşyjylara  we myhmanlara iberen Gutlagyny uly üns  hem-de ruhubelentlik bilen diňlediler. 

“Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisiniň şu ýyl 8-nji martda --  Halkara zenanlar gününde öz işine başlamagy ähmiýeti örän uly bolan bu çärä özboluşly öwüşgün berýär. Bu halkara sergisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň ýene-de bir mysalydyr. Türkmenistanda ajaýyp tebigatyň bezegi bolan daglarymyza, derýalarymyza, sähralarymyza, köllerimize, tokaýlarymyza aýawly garamak we olary baýlaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň hilini ýokarlandyrmak we daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alşylmak üçin halkara sergisiniň yzygiderli geçirilmegi örän möhümdir” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar .

Döwlet Baştutanymyz ekologiýa meselelerini çözmek hem-de daşky gurşawy goramak boýunça amala aşyrylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyrmak babatda bu forumyň ähmiýetini nygtap, bu asylly işde hemmelere üstünlik arzuw etdi. 

Döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de şereketleriniň, ýurdumyzyň telekeçileriniň sergidäki tekjelerini hem-de diwarlyklaryny bezän ajaýyp gülleriň we gül çemenleriniň, bezeg ösümlikleriniň hem-de gyrymsy agaçlarynyň hatarlary munuň aýdyň subutnamasy boldy.