News

Sport biraýlygynyň ilkinji bäsleşikleri
6 Apr
Sport biraýlygynyň ilkinji bäsleşikleri

2016-njy ýylyň 5-nji aprelinde tutuş ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň biraýlygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli çärelere badalga berildi. Uzak aralyga köpçülikleýin ylgaw boýunça geçirilen bäsleşikler bu çäräniň açylyşyny alamatlandyrdy. Paýtagtymyzyň Köpetdag şaýolunda uzak aralyga köpçülikleýin ylgaw boýunça guralan ýaryşa gatnaşmak üçin ir bilen sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän adamlaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleriniň, hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň müňe golaýy ýygnandy.

Oňa gatnaşyjylar 3,5 kilometr aralyk boýunça medallar ugrunda bäsleşdiler.

Ýeňiji bolanlara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar  hem-de Türkmenistanyň Sport  baradaky döwlet komitetiniň hormat hatlary we medallary gowşuryldy.