News

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
15 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy



2016-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň IIM-niň Sportulag merkeziniň toplumyna girýän täze sport desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde motosport bilen meşgullanmak we sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlary geçirmek üçin motoulag bölümi guruldy hem-de enjamlaşdyryldy. Bu waka ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda tehniki görnüşlerini ösdürmäge berilýän ähmiýetiň uludygyny tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  ýurdumyzda ähli zerur bolan talaplara laýyk gelýän döwrebap sport düzüminiň döredilmegine uly üns berýär.  Milli Liderimiziň IIM-niň Sportulag merkeziniň täze sport toplumynyň  açylyş dabarasyna gatnaşmagy munuň şeýledigini tassyklaýar, bu wakanyň “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygyna gabat gelmeginiň bolsa özboluşly manysy bar.

Umumy meýdany 15 gektar bolan täze toplum moto ýaryşlar üçin uzynlygy 1709 metr bolan çäge-toprak örtükli ýaryş meýdançasyny, sport tehnikalary üçin garažlary, hyzmat ediş-bejeriş bölümini, lukmançylyk bölümi ýerleşen dolandyryş binasyny, degişli inženerçilik-tehniki düzümini özünde jemleýär. Şeýle hem ýaryşlaryň barşyna gözegçilik etjek eminler üçin barlag-syn ediş bekedi göz öňünde tutulypdyr. Şeýlelik bilen, täze motodromda motosikl tehnikalarynyň dürli görnüşleri üçin ýaryşlary geçirmäge zerur bolan şertler döredilipdir.

Awtomobil sporty ýaly motosport hem gyzyklanma bildirýänleriň we janköýerleriň örän köpsanlysyny özüne çekip, sportuň dünýäde iň giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Onuň nusgawy görnüşleriniň toparyna trek hem-de şosse-aýlaw ýaryşlary, motokroslar, mototrial, spidweý we beýlekiler degişlidir. Şeýle ýaryşlara gatnaşmak üçin degişli ukyplara hem-de ulagy dolandyrmagyň tilsimlerine eýe bolup, olary ele almalydyr, diýmek, yzygiderli türgenleşikler zerur bolup durýar. 

Soňky wagtda ençeme ýurtlarda-da kwadrosikllerde ýaryşlar meşhurlyga eýe bolýar. Motosportuň şeýle köp görnüşleri boýunça ýaryşlar ussat türgenleriň arasynda bolşy ýaly, boş wagtyny işjeň geçirmegi halaýanlaryň arasynda hem geçirilýär. Kwadrosikl rahat, durnukly hem-de has ýokary tizliklere çenli çykmaga ukyply bolan dört tekerli dürli tilsimleri geçirip bilýän ulagdyr. Bu köptaraply ulag serişdesi iň çylşyrymly ýollary hem ýeňillik bilen geçmegi başarýar. 

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygy mynasybetli Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzüminiň adyndan döwlet Baştutanymyza döwrebap sport kwadrosiklini we welosiped sowgat berdi.

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde toplumyň çäginde tigirli gezelenç etdi. 

Hormatly Prezidentimiz täze sport desgasy bilen tanyşmagynyň barşynda ýörite sport lybasyny geýnip, sport kwadrosikline mündi hem-de ýaryş meýdançasyny hut özi synap gördi. Meýdança geçmesi çylşyrymly ýerlerden çekilipdir. 

Döwlet Baştutanymyz ýörite gurlan päsgelçilikleri bolan ýoly geçmek bilen, ýokary tizlikde sport ulagyny dolandyrmagyň ajaýyp ussatlygyny görkezdi. 

Hormatly Prezidentimiz kwadrosikli başarnykly dolandyryp, sportuň bu görnüşi üçin mahsus bolan ýoluň ugrundaky päsgelçilikleri ussatlarça geçmegi başardy we şunda türgenlere aýdyň mysal görkezdi.

Ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow çuňňur hormatyň hem-de özleri barada edilýän alada üçin hoşallygyň nyşany hökmünde milli Liderimize ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň adyndan skuter sowgat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz skuterde Sport ulaglary merkeziniň awtodromyna bardy, bu ýer açylan wagtyndan bäri sportuň şu görnüşi bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň höwes bilen gatnaýan ýerine öwrüldi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz BMW kysymly täze sport ulagynyň başyna geçdi,   ýokary tizlikde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelip, bu sport ulagyny dolandyrmagyň hem ajaýyp ussatlygyny görkezdi. 

Döwlet Baştutanymyz Awtosport merkeziniň ýaryş ýolunda sport ulagynda birnäçe aýlaw etdi. Soňra milli Liderimiz bu ýere ýygnananlar bilen söhbetdeşligini dowam edip, ýokary netijeleri gazanmak üçin zerur bolan ukyplar, ýaryş awtoulagyny dolandyrmagyň syrlary barada gürrüň berdi.  

Milli Liderimiz ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda awto we moto sporty has-da ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleri görmegiň, olar bilen harby gullukçylaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň meşgullanmaga giňden çekilmeginiň, ýaryşlary yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Şu ýerde içeri işler ministri I.Mulikow awtomobil we motosikl tehnikalaryny ýokary ussatlyk bilen dolandyrmagyň ajaýyp nusgasyny görkezen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen sportuny dünýäde öňdäki orunlara çykarmak boýunça bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň IIM-niň, ýurdumyzyň Awtomobil sporty federasiýasynyň hem-de Sport baradaky döwlet komitetiniň ýokary ussatlyk derejesiniň diplomyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz munuň üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we hemmelere berk jan saglyk, işde hem-de sport  ulgamynda üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.